"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Dünýä ýüzi haýran saňa, Aşgabat!

Bu gün Aşgabat şäheri özboluşly bezeg aýratynlyklary bilen dünýäni haýrana goýýar. Gahryman Arkadagymyzyň sünnäläp döreden sungat eseri — gözel paýtagtymyz 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda dünýäde iň köp sanly ak mermere örtülen binalaryň jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna bellige alyndy. Şol seneden bäri geçen sekiz ýyla golaý döwrüň içinde şeýle binalaryň sany has hem artdy. Ak mermerli paýtagtymyz ýylyň ähli paslynda al-ýaşyla beslenendir. Täze seýilgähler gurlup, öňden bar bolanlarynyň durky täzelenýär. Gurulýan edara-binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň daş-töweregi, köçeleriň, şaýollaryň gyralary owadan baglardyr güller bilen bezelýär. Şeýle gözelligi synlanyňda kalbyň heýjana gelýär.

Kuw­wat­ly in­že­ner-teh­ni­ki des­ga­lar: tyg­şyt­lyly­gyň baş çeş­me­si

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň 4-nji maý­da Ahal we­la­ýa­ty­na iş sa­pa­ry­ny ama­la aşy­ryp, «Mi­we» açyk paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň önüm­çi­li­gi hem-de onuň in­že­ner-teh­ni­ki dü­züm­le­ri­niň des­ga­la­ry bi­len ta­nyş­ma­gy, dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän tas­la­ma­la­ra ýo­ka­ry ba­ha ber­me­gi bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ro­waç­lan­ýan­dy­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýär. Ýur­du­myz­da oba­se­na­gat top­lu­my­ny hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­mä­ge, bu ugur­da hu­su­sy­ýet­çi­le­ri gol­da­ma­ga, suw­dan re­je­li peý­da­lan­ma­ga, öň­de­ba­ry­jy tej­ri­be­le­ri or­naş­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len müm­kin­çi­lik­ler ba­ra­da Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­sin­de düýn ge­çi­ri­len ho­şal­lyk mas­la­ha­tyn­da gi­ňiş­le­ýin gür­rüň edil­di. Mil­li Li­de­ri­miz türk­men te­le­ke­çi­le­ri­niň iri tas­la­ma­la­rdyr mak­sat­na­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mä­ge iş­jeň gat­naş­ma­ly­dygy­ny, san­ly ul­ga­my, yl­my-teh­no­lo­gik ga­za­ny­lan­la­ry iş tejribesine giňden or­naş­dyr­ma­ly­dygy­ny nygtady.

Şäher bilen ýaşytdaş daragt

Bu täsin daragt barada gazetiň 2019-njy ýylyň 12-nji noýabryndaky sanynda-da bilenimizi paýlaşypdyk. Ol şol wagt 138 ýaşyndady. Indi 140 ýaşynda. Bu taryhy daragt 140 ýaşyny toýlaýan Aşgabadymyz bilen ýaşytdaş. Ilki bilen sözümiziň başynda «140 ýaşyň gutly bolsun, Aşgabat! 140 ýaşyň gutly bolsun, goja daragt!» diýesimiz gelýär. Hawa, o goja daragty görmek üçin paýtagtymyzyň merkezindäki Aşgabat demir ýol menziliniň golaýynda, öňki demirýolçular (häzirki «Köpetdag» sport toplumynyň bedenterbiýe we sagaldyş toplumynyň) seýilbagyna baraýmaly. Seýilbaga girmänkäň, göreniňden, onuň bu golaýyň daragty däldigine göz ýetirýärsiň.

Parahatlyk binýady

Balkanabat şäher merkezi kitaphanasy şäherdäki 5-nji orta mekdep bilen bilelikde «Parahatçylygyň we durnukly ösüşiň binýady» atly çäre gurady. Onda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly we öňdengörüjilikli syýasatynyň dünýä jemgyýetçiliginde uly hormata eýedigini nygtadylar. Parahatçylygy üpjün etmegiň, döwletleriň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmagyň milli Liderimiziň alyp barýan parasatly syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny bellediler. Mekdep okuwçylarynyň ýerine ýetirmeklerinde «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny, bedew batly öňe barýan ýurdumyzy, Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan beýik işlerini, gözel tebigatymyzy wasp edýän aýdym-sazlar belentden ýaňlandy.

Ýurduň goşa ganaty

Hormatly Prezidentimiz çykyşlarynyň birinde eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň we baky Bitaraplygynyň uçup barýan laçynyň goşa ganatyna meňzeýändigini nygtapdy. Garaşsyz, baky Bitarap döwletde erkin, azat we asuda ýaşamak uly bagtdyr. Halkymyzyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik we ynsanperwerlik ýörelgeleri bu günki gün ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesi esasynda barha rowaçlanýar. Dünýäniň ýurtlary bilen parahatçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine giň ýol açylýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda berkarar döwletimiz bedew batly ösüşlere eýe bolýar. Garaşsyz Türkmenistan sebitde we dünýäde parahatçylyk söýüjilikli hem-de dostlukly gatnaşyklary ösdürmek bilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine ygrarlydygyny subut edýär. Dünýä jemgyýetçiligi bilen oňyn hyzmatdaşlygy alyp barýan ýurdumyz diňe bir halkymyzyň milli bähbitleri bilen çäklenmän, eýsem, tutuş adamzadyň abadan we parahat durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen halkara bähbitleri öňe sürýär.

Obasenagat toplumynyň ösüşleri ­ hususy ulgam bilen has-da berkidilýär

­4-nji maýda hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, «Miwe» açyk paýdarlar jemgyýetiniň önümçilik işi hem-de onuň inžener-tehniki düzümleriniň desgalary bilen tanyşdy. Eziz Arkadagymyz obasenagat toplumynda suwdan rejeli peýdalanmak we tutuş suw hojalyk ulgamyna degişli meselelere aýratyn üns berdi. Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak we abadançylygyny üpjün etmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk, gözel paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllyk şanly toýlaryna barýan mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmakda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Şonuň esasynda obasenagat toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmek hem-de onuň kuwwatlylygyny netijeli peýdalanmak döwlet Baştutanymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň durmuşa geçirýän ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şol strategiýa bolsa halk hojalygynyň ähli pudaklaryny özgertmäge we döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilendir. Obasenagat ulgamynda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler ony diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga, dürli görnüşli, ýokary hilli oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmaga ýardam edýär.

Beýik işleriň aýy

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň dördünji aýy hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň senenamasyna täze aýdyň sahypalary ýazdy. Aýyň başynda, ýagny 2-nji aprelde, soňra bolsa 26, 27-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatlaryny geçirdi. Olarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meselelerine, şol sanda Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli täze desgalary öz wagtynda ulanmaga bermek hem-de baýramçylyk çärelerini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy. 5-nji aprelde döwlet Baştutanymyz Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna baryp, şol ýerde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň düzümlerinde atçylygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Milli Liderimiz bu ýerde guralan at çapyşyklaryna tomaşa etdi we ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşigine gatnaşjak atlary synlady.

Baky mizemez dost-doganlyk ýörelgesi

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan türkmen-özbek gatnaşyklary hakyky dost-doganlyk hem-de ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerini dowam etdirýän halklaryň köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk däplerine daýanýar. Munuň şeýledigini şu ýylyň 29-njy aprelinde hormatly Arkadagymyzyň Gypjakda ýerleşýän Baş metjitde beren agzaçar sadakasynda ýene bir gezek aýdyň ýüze çykdy. Oňa paýtagtymyza gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdy. Ýokary mertebeli myhman agzaçar sadakasynda sözlän sözünde: «Özbek we türkmen halklary gadymdan birek-birege egindeş bolup, dostlukly ýaşap gelýärler» diýdi. Hormatly Prezidentimiziň yglan eden «Açyk gapylar» syýasaty Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletini dünýä halklaryna dostlukly nazaryny aýlap, olary parahatçylygyň, hoşniýetliligiň ak ýoluna çagyrýan merkeze öwürdi. Beýleki bir tarapdan, ata-babalarymyzdan galan ynsanperwerlik, adalatlylyk, abadanlyk, agzybirlik, dost-doganlyk, bitewülik düşünjelerine hemişe ygrarlydygyny mälim etdi. Häzirki döwürde jemgyýetiň ruhy sagdynlygyny we ahlak taýdan kämilligini üpjün etmek, taryhy-medeni mirasa sarpa goýmak, ata-babalarymyzyň hem-de tutuş adamzadyň nesilden-nesle geçirilip gelinýän däplerini ösdürmek, gyzyklanma bildirilýän taraplaryň ählisi bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyry

­­Gahrymanlara baky tagzym!

Düýn Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň we Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň guramagynda Merkezi serkerdeler öýünde dabaraly çäre geçirildi. Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli geçirilen çärä uruş we harby gullugyň weteranlary, bagtly durmuşymyzyň goragçylary bolan serkerdelerdir esgerler uly ruhy joşgun bilen gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda her ýylyň 9-njy maýynda şeýle şanly seneleri bellemek bilen, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde uruşda edermenlik görkezip, öz mukaddes borçlaryny mynasyp berjaý eden gahrymanlarymyz sarpalanýar. Bu ýöne ýere däl. Beýik Watançylyk urşuna biziň ildeşlerimiziň hem müňlerçesi gatnaşdy. Olar mukaddes topragymyzyň garaşsyzlygy we halkymyzyň bagtyýarlygy ugrundaky söweşlerde edermenlik görkezdiler.

«Asla ýatdan çykmaz uruş ýyllary, bize nusga gahrymanlaň ýollary!»

Ýakynda maýor Şöhrat Muhammetjumaýewyň serkerdelik edýän harby bölüminiň harby gullukçylary bilen, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllyk baýramy mynasybetli tylda zähmet çeken Annadurdy aganyň öýünde myhmançylykda bolduk. Il sylagly ýaşuly Annadurdy agany Ýeňşiň 76 ýyllyk baýramy bilen gutlap, onuň bilen söhbetdeş bolmak bagty bize miýesser etdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Annadurdy aga: «Uruş diýen zadyň beren yzasy ömrüňe ýoldaş bolýar. Şol ýyllaryň ýowuzlygy henizem ýüregimiň bir künjünde garalyp dur. Ýöne her ýyl Ýeňiş güni golaýlanda, yzalar kiparlap, göwnüň giňäberýär. Kalbymyzy baýramçylyk ruhy gaplap alýar. Şeýle sylag-hormatyň netijesinde özümi juda bagtly duýýaryn» diýip buýsanç bilen belledi. Soňra Beýik Ýeňşiň 76 ýyllyk baýramy mynasybetli harby bölümimiziň harby gullukçylary bilen ýerli etrap muzeýine, garnizonyň Serkerdeler öýüniň muzeýine gezelençler we medeni ýörişler guraldy. Bu bolsa şahsy düzümiň kalbynda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Çünki merdana Watan goragçylary bu ýerde Beýik Watançylyk urşunda görkezen edermenligi üçin Gahryman diýen belent ada mynasyp bolan ençeme türkmenistanly gerçekleriň görkezen gahrymançylyklary bilen içgin tanyşdylar.

Serhetçiler baýrakly orunlarda

Golaýda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, şeýle hem 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli döredijilik bäsleşikleriniň birnäçesiniň jemleri jemlenildi. Bäsleşiklerde döredijilik bilen meşgullanýan serhetçileriň hem birnäçesi ýeňiji bolmagy başardy. Ýagny Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň syýasy geňeşi tarapyndan geçirilen «Dal bedewler — halkymyzyň baýlygy, buýsanjymyz — türkmen alabaýlary» atly bäsleşikde maýor Maksatmyrat Atabalow, «Mirasymyz — buýsanjymyz» atly bäsleşikde çagyryş boýunça harby gullukçy, kiçi seržant Süleýman Haýdarow, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan geçirilen «Mukaddesliklere sarpa» atly bäsleşikde uly leýtenant Selbi Aşirowa, şeýle-de Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan geçirilen «Şygryýetiň bilbili» atly bäsleşikde bolsa, borçnama boýunça harby gullukçy, starşina Myratgeldi Hallyýew dagy ýeňiji bolmagy başardylar.

Watan waspy dillerde

Eşretli hem erkana durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan halkymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe günsaýyn öňe gadam urýar. Amala aşyrylýan ösüşler TMÝG-niň ýerli etrap agzalarynyň işjeň gatnaşmaklarynda ýaşlaryň arasynda giňden wagyz edilýär. Ynha, şeýle wagyz-nesihat çäreleriniň biri ýakynda polkownik Jepbar Akyýewiň serkerdelik edýän harby bölüminiň şahsy düzüminiň gatnaşmagynda geçirildi. Çäräniň dowamynda bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzyň dürli pudaklarda gazanýan ösüşleri dogrusynda giňişleýin çykyşlar edilip, her birimiziň Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin şahsy goşandymyzy goşmalydygymyz barada aýratyn beýan edildi. Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ata Watanymyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler. Humaý ATAÝEWA, TMÝG-niň etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Täzelikler

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda «Innowasion tehnologiýalaryň bilim ulgamynda şöhlelenişi» atly hepdelik geçirildi. Ýokary okuw mekdebiniň informatika we ony okatmagyň kafedrasy tarapyndan guralan çäräniň dowamynda talyplar tarapyndan taýýarlanylan «Ylym-bilim jemgyýetiň hereketlendiriji güýjüdir» atly taslamalaryň tanyşdyrylyşy geçirildi we «Informatika we innowasion tehnologiýalar» atly sergi guraldy. Bu mowzukda edilen çykyşlar hem mazmun taýdan çuňdugy we ylmylygy bilen tapawutlandy. «Döwrebap tehnologiýalaryň orny» atly wideomontaž, «Sanly ulgamyň bilimi ösdürmekdäki ähmiýeti» atly kompýuter tanyşdyrylyşlary, «Iň gowy diwar gazeti», «Akyl synagy» atly bäsleşikler hem ökde talyplary ýüze çykardy.

Dost-doganlygyň mizemez ýoly

Şu günler ulus-ilimiziň güneşli Diýarymyzyň çar künjeginde üstünlikli durmuşa geçirilýän düýpli özgertmelere, dabarasy uludan tutulýan toýlara buýsanjy hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly çuňňur many-mazmunly kitabynyň ýaňy-ýakynda özbek dilinde neşir edilip, halk köpçüligine ýetirilmeginiň şatlygy bilen utgaşýar. Bu şatlykly waka mynasybetli welaýat häkimliginde geçirilen dabaraly maslahatda hem muňa doly göz ýetirdik. Oňa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary, welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň we syýasy partiýalarynyň işjeň agzalary, medeniýet-sungat hem-de döredijilik işgärleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Asmandan arkaly, Zeminde zynatly

(Liriki oýlanma) Asmandan arkaly, Zeminde zynatly Watan! Watan, bu söz ynsanlaryň ýürek töründäki iň bir ezizlenilýän, mukaddes hasaplanylýan sözleriň biri. Watan gymmatlygy ýürek mährine deňelýär. Öz Watanyňda bolup geçýän ajaýyp wakalar, taryhy seneler, toýdur-baýramlar göwün guşuňy ganatlandyryp, ylham ýaýlaňy giňeldýär, durmuşa bolan ynamyňy, yhlasyňy artdyrýar.

Görki gözel, durky gazal, Aşgabat!

Türkmen halkynyň gözbaşyny ençeme ýüzýyllyklardan alyp gaýdýan milli binagärlik sungaty özboluşly ösüş ýoluny geçipdir. Merdana pederlerimiziň binagärlik senedi bu günki gün ösüşiň belent derejelerine eýe boldy. Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde Türkmenistanyň çar künjegi, şol sanda ak şäherimiz Aşgabat giň gerimde rowaçlanýan ajaýyp binagärlik keşbi, görenleri haýrana goýýan döwrebap medeni maksatly desgalary, ýaşaýyş-durmuş maksatly ymaratlary bilen tapawutlanýar. Eziz Diýarymyzyň paýtagty Aşgabat şäherindäki ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, gözelligi bilen tapawutlanýan owadan myhmanhanalar, ajaýyp seýilgähler, gül-güläleklere beslenen ak ýollar paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň buýsanjyna, myhmanlaryň guwanjyna öwrülýär. Garaşsyzlygyny we hemişelik Bitaraplygyny gazanan Diýarymyzyň paýtagty Aşgabat şäherinde 2007-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy, paýtagt şäherimiziň dünýä ýüzündäki şan-şöhratyny, abraý-mertebesini has-da belende galdyrdy. Aşgabat dünýä ýurtlarynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýýan hem-de pugtalandyrýan, Gündogar bilen Günbataryň medeniýetlerini birleşdirýän köprä öwrüldi. Bir söz bilen aýdanyňda, Aşgabat — halkymyzyň buýsanjyna, dünýä halklarynyň guwanjyna öwrüldi.

«Ömürleriň sowulmajak ýazy ýa! Göýä, göwher gaşy ägirt Aziýaň!»

Ynanaýyň, bu şäherde oýa çagyň täsin düýş görüp bolýar. Bu şäherde örki ýerde adamzat ganat baglap uçubam bilýär. Hawa, siziň edil şu wagtky pikir edişiňiz ýaly, bu ýer kitapdan çykyp, ýüreklere ýol salan täsin ertekä meňzeş. Bilýäňizmi näme üçin?! Çünki bu şäher barlygyna bagt düşlän bossan — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ýüregi. Milli Liderimiziň paýhasyndan bina bolan şäheriň ajaýyp desgalarynyň daş-töwereginiň, türkmen kalby ýaly giň şaýollarydyr köçeleriniň bagy-bossanlyga, hoştap ysly owadan güllere beslenmegi, gülgüzarlyga bürenmegi täsin gözellik dünýäsini döretmek bilen birlikde, ekologiýa taýdan arassa gurşawy hem emele getirýär. Bu şäher — bagtyň, gözelligiň şalygy. Başymyza bagt guşy gonup, ýa-da ertekileriň tylla balygy çeňňegimize ilip, «Dilegleriňi dile getir» diýse-de, şundan uly bagty arzuwlap bolmaz. Seretseňizläň, bagra basan müňlerçe jaýlarynda, gör, näçe bagtly ojak bar?! Ak güllerden boglan gujak-gujak çemenler, ylla, ak dürleriň röwşen sapagy, şäheriň başyny sypap, kän eglenýän asman şapagy, garasaý, ähli ajaýyplyklar bar-a bärde! Durkun-düýrmegin tämiz söýgä ýugran yşk abadymyň çüwdürimleri-de bagtyň bolup çüwüp dur...

Gaýduwsyzlygyň nusgalyk göreldesi

Tamamlanany bäri 76 ýyl geçen hem bolsa XX asyryň taryhynda iň pajygaly wakalarynyň biri hökmünde yz goýan 1941 ― 1945-nji ýyllaryň urşy millionlarça adamyň ömür tanapyny kesdi. Bu ýowuz urşuň pajygaly ýyllarynda edermen är-ýigitlerimiz, atalarymyz we agalarymyz Watan üçin jan alyp, jan berdiler. Ol günleri gözi bilen görüp, egni bilen çeken ynsanlaryň kalbynda hiç haçan unudylmajak ajy hasrat ýatyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen 1941 ― 1945-nji ýyllaryň urşunda Beýik Ýeňşi gazanmaga goşant goşan uruş weteranlarynyň we tylda zähmet çeken adamlaryň abraý-mertebesi Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe has belent tutulýar. Frontçylara, tylda zähmet çekenlere we uruşda wepat bolan esgerleriň yzynda galan ýanýoldaşlaryna durmuş ýeňillikleri döredilýär. Häzirki şeýle eşretli döwrümize buýsanyp, döredilýän mümkinçiliklerden ruhlanyp ýaşaýan gahrymanlarymyzyň ýürekleri bolsa zamanamyza bolan söýgüden doly. Şeýle adamlaryň biri Dänew etrabynyň Göýnük geňeşliginiň ýaşaýjysy, ýaşuly weteran Rahym Kerimowdyr. 97 ýaşy arka atan Rahym aga bilen gürrüňdeşligimizde front ýyllaryny ýatlamak oňa aňsat düşmedi. Ol: «Watan üçin şirin janlaryny gurban eden mert ýigitleriň, biri-birinden aýra düşen ynsanlaryň çeken jebri-jepalary häli-şindi hem meniň göz öňümde janlanýar. Millionlarça adamlar şol külpetli günleriň gurbany boldular. Uruş ulyny-kiçini saýgarmad

Giň sähranyň aýdymy

«Žurnalistika» diýen müň bir hysyrdyly käriň ilki yşkyna, soňra-da söbügine düşüp, 10-a golaý döwlete, ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna, Lebabyň bolsa ähli etraplaryna, obalarynyň aglabasyna gadamym düşen hem bolsa, ömrümiň dördünji onlugynyň ýarysyny yzda galdyryp, ilkinji gezek çopan goşunda bolup görmegiň, çopanlaryň gürrüňlerini diňlemegiň höwesi bilen «Nirdesiň, Döwletli?!» diýip, ýola düşenimizde, kalbyma müň bir duýgy gondy. Ýogsam näme?! Ilkinjileriň täsiri hemişe başgaça bolýar, ahyry! Onsoň bu täsir uzak wagtlap hakydaňdan çykanok. Bir möwsümde 76 müňden gowrak owlak-guzy

Göwünlere ganat beren galkynyş

Türkmen bedewiniň milli baýramynyň we Türkmen alabaýynyň baýramynyň bellenilýän günlerinde Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň welaýat merkeziniň açylyp, ulanylmaga berilmegi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyna barýan günlerimize aýratyn öwüşgin çaýdy. Şu günler redaksiýamyza gelip gowuşýan makalalaryň özenini ildeşlerimiziň täze merkeziň açylmagyna bolan begenji düzýär. Olaryň käbirini okyjylarymyz bilen paýlaşýarys. Ýaş nesle ajaýyp miras