Watan waspy dillerde

5 Maý 2021
799

Eşretli hem erkana durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan halkymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe günsaýyn öňe gadam urýar. Amala aşyrylýan ösüşler TMÝG-niň ýerli etrap agzalarynyň işjeň gatnaşmaklarynda ýaşlaryň arasynda giňden wagyz edilýär. Ynha, şeýle wagyz-nesihat çäreleriniň biri ýakynda polkownik Jepbar Akyýewiň serkerdelik edýän harby bölüminiň şahsy düzüminiň gatnaşmagynda geçirildi. Çäräniň dowamynda bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzyň dürli pudaklarda gazanýan ösüşleri dogrusynda giňişleýin çykyşlar edilip, her birimiziň Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin şahsy goşandymyzy goşmalydygymyz barada aýratyn beýan edildi. Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ata Watanymyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Humaý ATAÝEWA,
TMÝG-niň etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.