Baky mizemez dost-doganlyk ýörelgesi

5 Maý 2021
713

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan türkmen-özbek gatnaşyklary hakyky dost-doganlyk hem-de ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerini dowam etdirýän halklaryň köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk däplerine daýanýar. Munuň şeýledigini şu ýylyň 29-njy aprelinde hormatly Arkadagymyzyň Gypjakda ýerleşýän Baş metjitde beren agzaçar sadakasynda ýene bir gezek aýdyň ýüze çykdy. Oňa paýtagtymyza gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdy. Ýokary mertebeli myhman agzaçar sadakasynda sözlän sözünde: «Özbek we türkmen halklary gadymdan birek-birege egindeş bolup, dostlukly ýaşap gelýärler» diýdi.

Hormatly Prezidentimiziň yglan eden «Açyk gapylar» syýasaty Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletini dünýä halklaryna dostlukly nazaryny aýlap, olary parahatçylygyň, hoşniýetliligiň ak ýoluna çagyrýan merkeze öwürdi. Beýleki bir tarapdan, ata-babalarymyzdan galan ynsanperwerlik, adalatlylyk, abadanlyk, agzybirlik, dost-doganlyk, bitewülik düşünjelerine hemişe ygrarlydygyny mälim etdi. Häzirki döwürde jemgyýetiň ruhy sagdynlygyny we ahlak taýdan kämilligini üpjün etmek, taryhy-medeni mirasa sarpa goýmak, ata-babalarymyzyň hem-de tutuş adamzadyň nesilden-nesle geçirilip gelinýän däplerini ösdürmek, gyzyklanma bildirilýän taraplaryň ählisi bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan syýasatyň ileri tutulýan ugrudyr. Ýurdumyz ynsanperwer ýörelgelerini daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitläp, giň halkara hyzmatdaşlyga gönükdirilen syýasaty yzygiderli durmuşa geçirýär, abadançylygyň hem-de durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň bähbidine dünýäniň döwletleri bilen gatnaşyklary giňeldýär.

«Esger».