"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Täze ýyl sowgatlaryny aldyňyzmy?

Täze ýyl baýramy barha ýakynlaşýar. Goşhaltasyny egnine atyp, «Niredesiň, körpe nesil?» diýip, ýola düşen Aýazbabanyň bu gezekki Täze ýyl sowgatlarynyň içinde nähili süýjülikler barka?! Ilki bilen, Täze ýyl sowgatlaryny taýýarlaýan telekeçileriň, geçen ýyldaka garanyňda, bu ýyl has köpdügini bellemeli. Diýmek, sowgatlaryň görnüşleri-de artandyr. Eýsem näme?! Körpeler ýurdumyzda ilkinjileriň biri bolup süýji-köke önümçiligini ýola goýan «Hasar» hojalyk jemgyýeti tarapyndan taýýarlanylýan Täze ýyl sowgatlary bilen öňden tanyş. Sebäbi bu hojalyk jemgyýeti indi köp ýyllardan bäri Täze ýyl sowgatlaryny taýýarlap, ilata hödürläp gelýär. Özem olary her ýyl süýjüleriň täze görnüşleri bilen baýlaşdyrýar.

Halal zähmetiň belent sarpasy

Hormatly Prezidentimiziň Permany esasynda ildeşlerimiziň birnäçesi döwletimiziň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny berkitmekde, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda çeken halal we yhlasly zähmeti üçin «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanyldy. Olaryň arasynda biziň ildeşlerimiz hem bar. Olar öz ýürek buýsançlaryny biziň bilen paýlaşýarlar. Şöwket  KERIMBERDIÝEW,Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Lebap welaýaty boýunça bölüminiň müdiri:

Kärhananyň baýramçylyk sowgatlary

Paýtagtymyzyň bezelen şaýollarydyr köçeleri, binalary we seýilgähleri hemmämiziň sabyrsyzlyk bilen garaşýan Täze ýyl baýramymyzyň bosagada durandygyny buşlaýar. Kalbymyzy şatlyga besleýän baýramçylygy ähli ildeşlerimiz bilen birlikde telekeçiler hem toý sowgatlary bilen garşylaýar. Zähmet üstünlikleri bilen ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine mynasyp goşant goşýan hususy düzümleriň birem «Oguzhan» haryt nyşanly süýji önümlerini öndürýän konditer kärhanasydyr. Hormatly Prezidentimiziň telekeçiligi goldamak boýunça edýän bimöçber tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda konditer önümlerini öndürýän hususy kärhanalaryň sany barmak büküp sanardan köp. «Oguzhan» haryt nyşanly süýji önümlerini öndürýän konditer kärhanasyna ýurdumyzyň hususy kärhanalarynyň arasynda ilkinji döredilenleriň biri, süýji önümlerini öndürmekde bolsa «kerwenbaşy» diýsegem ýalňyşdygymyz bolmaz. Çünki ol 1999-njy ýylyň noýabrynda döredildi we hormatly Prezidentimiziň ýurt başyna geçmegi bilen täze mümkinçiliklere eýe boldy. Şol mümkinçiliklerden peýdalanyp, hormatly Prezidentimiziň ýörite Karary esasynda bölünip berlen ýerde «Oguzhan» konditer kärhanasynyň hem täze önümçilik toplumy guruldy. 2018-nji ýylyň fewralynda döwlet Baştutanymyzyň ak pata bermegi bilen, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň paýtagtymyzyň demirgazyk bölegindäki G.Kulyýew köçesiniň ugrundaky edara binalarynyň h

Telekeçiler işjeňlik görkezýärler

Ýurdumyzda bazar gatnaşyklaryna geçmekde düýpli özgertmeler amala aşyrylýar, ykdysadyýetde döwlete dahylsyz pudagyň paýy barha artýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» eziz Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň anyk ugurlaryny durmuşa geçirmekde ykdysadyýetiň dürli ugurlaryna degişli köp sanly kiçi we iri senagat kärhanalary döredilýär. Welaýatymyzda hem Türkmenbaşy etrabynda gurluşyk pudagyna degişli dürli önümleri öndürýän «Ak-Gaýa» hojalyk jemgyýetini, Balkanabat şäherindäki «Giň dere», «Zürýada hyzmat» hususy kärhanalaryny şolaryň hatarynda görkezmek bolar. «Parfiýa gurluşyk» hususy kärhanasynyň önümleri hem sarp edijileriň artýan isleglerinden peýdalanýar. «Demir ölçeg» hususy kärhanasy tarapyndan elek- trik enjamlaryny ýokary woltlarda synamak, ölçemek, elektrik enjamlaryny, elektrik howa geçiriji ulgamlary gurnamak hem-de sazlamak, elektrik geçiriji ulgamlar üçin demir gurluşlary öndürmek, yşyklandyryş üçin sütünleri, elektrik enjamlaryny abatlamak işleri üstünlikli alnyp barylýar.

Ajaýyp sowgatlar

Täze ýyl adamlara, aýratyn hem, çagalara ýatdan çykmajak täsirleri hem-de şatlykly duýgulary paýlaýan baýramçylykdyr. Bezelen arçalaryň daşynda çagalar goşgudyr aýdymlary aýdyp, Aýazbabadan alýan sowgatlaryna guwanyp, şatlyk-şowhuny has-da artdyrýar. Täze ýyl sowgatlyklaryny taýýarlamak üçin ýurdumyzyň hususy telekeçileri gije-gündiz yhlasly zähmet çekýärler. Şeýle kärhanalaryň biri hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, «Hasar» hojalyk jemgyýetidir. Biz hem bu kärhananyň orunbasary Merdan Şükürow bilen söhbetdeş bolduk. — Hormatly Prezidentimiz «Ýurdumyzda hususy işewürlik ulgamynyň pugta binýadynyň döredilendiginden peýdalanyp, halkymyzy özümizde öndürilýän dürli görnüşli önümler bilen ýeterlik mukdarda üpjün etmegi dowam etmek zerurdyr» diýip belleýär. Bu sözlerden ruhlanýan türkmen telekeçileriniň öndürýän önümleriniň görnüşleri we möçberleri günsaýyn artýar. Ýurdumyzyň altyn gaznasy hasaplanýan hususy işewürler daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Bu gün milli haryt nyşanlarymyzyň meşhurlygy barha artyp, ýurdumyzyň hususy kärhanalarynyň öndürýän önümleri içerki we daşarky bazaryň arzyly harytlaryna öwrülýär.

Işler gyzgalaňly barýar

«Ýigit» hojalyk jemgyýetiniň Kaka etrabynyň Şükür bagşy adyndaky daýhan birleşiginiň çägindäki ýyladyşhana toplumynda ýetişdirilýän pomidor hasyly saçaklaryň bezegidir. Birnäçe ýyl mundan ozal tapgyrlaýyn gurlup, ulanylmaga berlen bu ýyladyşhana toplumynda ýetişdirilýän önümler ýokumlylygy, datlylygy, durumlylygy bilen tapawutlanýar. Şeýle bolansoň, ýyladyşhana toplumynyň agzybir işçi-hünärmenleriniň çekýän yhlasly zähmeti netijesinde ýetişdirilýän ter önümlere daşarky bazarda hem isleg barha ýokarlanýar. Ýyladyşhana toplumynyň 30 gektar meýdanynda pomidoryň dürli görnüşlerini ýetişdirmäge we olardan bol hasyl almaga uly ähmiýet berilýär. Bu ýerde ilkinji ýyllarda pomidoryň «Tommimaro muça», «Huanita», «Merlis» ýaly görnüşleri ýetişdirilen bolsa, häzirki wagtda onuň görnüşleri has-da artdy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň uludan toýlanýan ýylynda ýyladyşhanada pomidoryň, aýratyn-da, «Marwelans», «Altes», «Merlis» ýaly görnüşleri ýetişdirildi. Pomidoryň ilkinji gezek synag edilen birnäçe görnüşlerinden ýokary hasylyň kemala getirilmegi gazanyldy. Şoňa görä-de, häzirki wagtda berekedini bolluk bilen eçilen hasyly ýygnamak işi depginli dowam edýär.

Aýakgaplaryň hyrydary artýar

Kerki etrabynyň Astanababa şäherçesinde işe girizilen «Ýelken» aýakgap sehiniň işläp başlanyna entek köp wagt bolanok. Gysga wagtyň içinde sehiň hünärmenleriniň taýýarlaýan önümleriniň ilatyň isleg bildirýän harydyna öwrülmegi guwandyryjydyr. Galyberse-de, aýakgaplaryň ýerli çig mallaryň hasabyna taýýarlanylmagy köpçüligiň göwnünden turýar. Yhlas etseň, bitmejek iş ýok. Telekeçi Arslan Möwlamow hem turuwbaşdan öz öňünde goýan maksadyna ýüregi bilen ýapyşdy. Ol bu ugurdan iş alyp barýan hünärmenler bilen tanyşdy, maslahatlaşdy. Türkmenabatly tejribeli aýakgap ussasy Şükürylla Bahryýew oňa el kömegini, dil kömegini berdi. Bäherden etrabyndaky «Ak suw» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri, Mary şäherinden telekeçi Dörtguly Haýdarow bu kiçi kärhanany ýerli çig maldan taýýarlanýan daban, emeli gaýyş, ýelim, kagyz, deri, granitol ýaly serişdeler bilen üpjün edip başladylar.

Yhlasly zähmetiň bereketi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde düýpli işler alnyp barylýar. Diýarymyzda ýylyň ähli paslynda-da gerek boljak önümleri öndürmekde yhlasly zähmet çekýän daýhanlaryň yhlaslary ýerine düşýär. Tagtabazar etrabynyň Erden geňeşliginiň ýaşaýjysy Ogultäç Agamämmedowa indi 30 ýyla golaý wagt bäri keremli toprakdan bol hasyl ýetişdirip gelýär. Ogultäç daýza ýetmiş ýaşa ser uran hem bolsa daýhançylyga yhlasly. Onuň bar maksady irde-giçde melleginde ýyladyşhana gurup, onda limon ýetişdirmek bolupdyr. Ol gaýynatasy Jumageldi aga, ýanýoldaşy Aganazar aga limon ekmek barada maslahat salýar.

Önümçilikde diňe döwrebap tehnologiýalar

«Eşiden deň bolmaz gören göz bilen» diýleni. Bizem öň tarypyny eşidenem bolsak, bu toplumy gözümiz bilen görmegi, onda alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşmagy maksat edinip, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň «Ahal» daýhan birleşigine tarap ýola düşdük. Obanyň içinden geçýän asfalt ýol bizi giň meýdany eýeleýän döwrebap topluma getirdi. Ýurdumyzda ilkinji bolup hind guşunyň etini öndürip başlan tejribeli telekeçi Maksat Ibragimowyň ýolbaşçylygyndaky bu toplum alty bölekden ybarat bolup, ilki baranymyz hind guşlarynyň idedilýän ketekleri boldy. Hatara duran dört ketegiň birinjisiniň gabadynda aýak çekdik. Maksat ketekleriň aňryýanyndaky giň meýdana göz aýlap:

Şanly senelere zähmet sowgatlary

Ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge goşant goşmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek türkmen telekeçileriniň öňünde durýan derwaýys wezipelerdir. Hormatly Prezidentimiziň goldaw-hemaýatlaryndan we döredip berýän mümkinçiliklerinden ruhlanýan hususy işewürler şol wezipeleri üstünlikli çözmegiň hötdesinden gelýärler. Geçen ýyl baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli gurlup, ulanylmaga berlen hususy ulgama degişli desgalaryň biri hem Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň «Yzgant» daýhan birleşiginiň çägindäki döwrebap guşçulyk toplumydyr. «Dogan Aý» haryt nyşanly ýokary hilli towuk etini öndürýän guşçulyk toplumynda häzirki günlerde öňümizdäki baýramçylyklary zähmet sowgatlary bilen garşylamaga güýçli depginde taýýarlyk görülýär. Döwrebap guşçulyk toplumda innowasion tehnologiýalaryň kömegi bilen broýler jüýjeleri idedilip, ekologiýa taýdan arassa we tagamly towuk eti öndürilýär. Kärhana ýolbaşçylyk edýän hususy telekeçi Topar Ataýew guş toplumynda işleriň ýola goýluşy barada şeýle gürrüň berýär:

Dünýä bazaryna giň ýol

Düýn ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygyna bagyşlap maslahat geçirdi. Birleşmäniň mejlisler zalynda geçirilen maslahata Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de hususyýetçiler gatnaşdylar. Onda çykyş edenler baky Bitaraplygymyzyň halkymyza eçilen eşretleri, hormatly Prezidentimiziň içeri we daşary syýasatda alyp barýan adamzat bähbitli beýik işleri dogrusynda giňişleýin durup geçdiler. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan döwletimiz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ýörelgelerine ygrarlydygyny bütin dünýä görkezmegi başardy. Parahatçylygyň, agzybirligiň, hoşniýetli goňşuçylygyň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugry bolup durýandygy sebit we dünýä halklary tarapyndan ykrar edilen hakykatdyr. Milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyz parahatçylyk söýüjilikli ýörelgeler esasynda oňyn halkara gatnaşyklary ýola goýdy. Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilip, dünýä ýurtlary bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi milli ykdysadyýetimiziň has-da gülläp ösmegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň ep-esli gowulandyrylmagyna getirdi. Ýurdumyzyň hususy pudagy hem deňsiz-taýsyz ösüşlere eýe boldy, belent sepgitlere ýetdi. Milli Liderimiziň «Açyk gapylar» syýasaty netijesinde türkmen işewürleriniň önümleri dünýä bazarlarynda mynasyp orun

«Şawat» şatlyk paýlaýar

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny döredip, özümizde öndürilýän önümler bilen halkymyzy üpjün etmek baradaky berýän tabşyryklaryndan ugur alýan Daşoguz şäherindäki «Şawat» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň süýt we süýt önümlerini öndürýän kärhanasy-da gazanýan üstünlikleri bilen hemmeleri begendirýär. Kärhananyň zähmet topary özüniň öndürýän ýokary hilli önümleriniň hasabyna ilatyň azyk harytlaryna bolan ösen islegleriniň kanagatlandyrylmagyna saldamly goşantlaryny goşýarlar. Bu ýerde öndürilýän gaýmak, gatyk, mesge ýagy, peýnir, uýadylan gaýmak, ereme peýniri, duzlanan peýnir, dorag, aýran ýaly süýt we süýt önümleri alyjylaryň arasynda uly islege eýe. Kärhana boýunça geçen ýyldaky degişli döwür bilen deňeşdireniňde, önümçiligiň ösüş depgini 152,8 göterime çenli ýokarlandy. Häzirki wagtda önümleriň görnüşleriniň sany 20-ä ýetdi. Kärhananyň agzybir işgärleri diňe bir önümleriň täze görnüşlerini işläp taýýarlamak bilen meşgullanman, eýsem, olar ilata hödürlenýän harydyň hil görkezijileriniň ýokarylygyny, önümleriň ählisiniň owadan gaplarda gaplanylmagyny üpjün edýärler. Kärhanada köp ýyllardan bäri yhlasly zähmet çekip işleýän göreldeli işçi-hünärmenleriň arasynda Umyda Atajanowany, Feruza Jalalowany, Röwşen Mätiýewi we Guwanç Gurbanowy görkezmek bolar.

Ma­ýa go­ýum gaz­na­sy «Lip­ton» we «Broo­ke Bond» mar­ka­la­ry­ny sa­tyn al­ýar

Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň «CVC Capi­tal Part­ners» ma­ýa go­ýum gaz­na­sy ça­ýyň «Lip­ton» we «Broo­ke Bond» brend­le­ri­ni sa­tyn al­mak bo­ýun­ça «Uni­lever» kom­pa­ni­ýa­sy bi­len şert­na­ma bag­laş­dy. «Fi­nancial Ti­mes» ga­ze­ti­niň ha­ba­ry­na gö­rä, ge­le­şi­giň ba­ha­sy 4,5 mil­liard ýew­ro (ABŞ-nyň 5,1 mil­liard dol­la­ry) ba­ra­bar bo­lar. Şeý­le-de «Lip­ton» we «Broo­ke Bond» mar­ka­la­ry­na Ame­ri­ka­nyň «Advent» we «Car­ly­le» ma­ýa­ go­ýum gaz­na­la­ry­nyň hem da­laş eden­dik­le­ri bel­le­nil­ýär. Yla­la­şy­gyň öňýa­ny «Uni­lever» bu bö­lüm­çe­si­ni ýyl­da 2 mil­liard ýew­ro (ABŞ-nyň 2,2 mil­liard dol­la­ry) gir­de­ji ber­ýän öz­baş­dak «Eka­ter­ra» kom­pa­ni­ýa­sy­na bö­lüp­di. Ga­zet «Uni­lever»-iň ýyl­da, tak­my­nan, 1 mil­liard ýew­ro (ABŞ-nyň 1,1 mil­liard dol­la­ry) gir­de­ji ge­tir­ýän bir­nä­çe çaý brend­le­ri­ni öz çä­gin­de alyp ga­lan­dy­gy­ny nyg­ta­ýar.

«Türkmenşöhläniň» ýalkymy

Telekeçilik işi haýyrly we il-güne nep getirýän iş. Hormatly Prezidentimiziň telekeçilige aýratyn üns bermegi netijesinde, ýurda peýda getirýän telekeçileriň sany barha artýar. Olar halkyň sarp edýän harytlaryny öndürmekde, binalary we azyk önümlerini hem-de ýol gurmakda we beýleki işlerde ýeterlik tejribe toplap, Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly: «Ýurduň altyn gaznasyna» öwrüldiler. Döwletimiziň kuwwatly ösüşlerine mynasyp goşandyny goşýan hususy kärhanalaryň biri hem Änew şäherinde ýerleşýän «Türkmenşöhle» hojalyk jemgyýetidir. Biz golaýda bu ýerde bolup, hojalyk jemgyýetiniň zähmet durmuşy barada içgin gyzyklanyp, «Türkmenşöhle» hojalyk jemgyýetiniň direktory Döwletmuhammet Annadurdyýew bilen söhbetdeş bolduk. — Döwletmuhammet, «Türkmenşöhhläniň» şuglasy tutuş Diýarymyza düşüp başlady. Siziň öndürýän önümleriňiz ýurdumyzyň ähli künjeginde uly islegden peýdalanýar. Gürrüňdeşligimiziň başyny bu asylly işe başlaýşyňyz, ilkinji ädimler we görkezijiler baradaky söhbet bilen başlap beräýseňiz.

Te­le­ke­çi­lik hu­kuk gat­na­şyk­la­ry­nyň düz­gün­leş­di­ri­li­şi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň parasatly Baştutanlygynda, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň telekeçilik çygrynyň ösüşi barha batlanýar. Bu babatda döwlet tarapyndan ähli zerur çäreler maksatnamalaýyn esasda durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 47-nji maddasynda bolsa: «Her bir adamyň telekeçilik we kanunda gadagan edilmedik gaýry ykdysady işi üçin öz ukyplaryny we emlägini erkin peýdalanmaga hukugy bardyr» diýip bellenilýär. Häzirki wagtda döwletimizde telekeçilik işini hukuk taýdan ösdürmek ugrunda giň möçberli işler amala aşyrylýar. Telekeçilik işi konstitusion kada esasynda döwlet goldawyna eýe bolýar. Munuň subutnamasy hökmünde eýeçiligiň görnüşine we ýurduň haýsy welaýatynda ýa-da şäherinde alnyp barylýandygyna garamazdan, telekeçilik işi bilen meşgullanýan şahslara döwlet tarapyndan zerur goldawyň beriljekdigi Konstitusiýada kepillendirilendir. Esasy Kanunymyza telekeçilik barada ýörite maddanyň girizilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetinde «kiçi we orta telekeçilik» diýen düşünjäniň peýda bolmagyna getirdi. Şol bir wagtyň özünde, bazar gatnaşyklarynda bäsleşigi saklamakda, döwlet tarapyndan kiçi we orta telekeçiligiň ösmegi üçin zerur bolan syýasy, kanuny we maliýe ýardamyny bermegiň konstitusion esasy işlenilip taýýarlanyldy. Dünýä ykdysadyýetinde bolşy ýaly, kiçi we orta telekeçilige ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň esasy hökmünde garalý

Telekeçilige — giň ýol!

Aýdyň maksatlary açyp görkezdi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň başda durmagynda hususy telekeçiligi ösdürmek, oňa ýaşlary işjeň çekmek we ýurdumyzyň ykdysadyýetini ýokarlandyrmak maksady bilen ençeme işler durmuşa ornaşdyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasatyndan ugur alýan jemgyýetçilik guramalarydyr partiýalar hem şeýle aýdyň maksatlary göz öňüne tutup, bu babatynda täsirli duşuşyklary geçirýärler. Şeýle çäreleriň biri-de ýakynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň we TMÝG-niň Mary şäher geňeşiniň bilelikde gurnamagynda geçirildi.

Tejribeli ussa

Ýer bilen iş salyşmak üçin ilki bilen pil, kätmen, dyrmyk ýaly oba hojalyk gurallaryna daýanylýar. Bu gurallary obada belli ussalar ýasap, ýer bilen işleşýän daýhanlara ýardamçy bolýarlar. Işine ezber, tejribeli ussalaryň biri hem Baýramaly etrabynyň Gatakar geňeşliginiň ýaşaýjysy Hoşgeldi Mämmedowdyr. Hoşgeldi aganyň ýasan oba hojalyk gurallaryna öz obalaryndan, goňşy obalardan isleg bildirýänler örän köp. Munuň hem sebäbi tejribeli ussa her bir edýän işine yhlasly ýapyşyp, gurallary eliňe alaňda oňaýlylygyna, şeýle hem işlenende göwnejaý bolmagyna aýratyn üns berýär. H. Mämmedow öz alyp barýan işini agtyklaryna hem öwredýär. Ol ýerine ýetirýän işiniň, çekýän zähmetiniň miwesini ýasan gurallaryny alýan oba adamlarynyň hoşallygynda görýär.

Dört sütüniň biri

Merdana daýhanlarymyzyň ýadawsyz zähmetiniň jemini jemleýän, türkmen topragynyň berekedini, saçaklarymyzyň bolçulygyny alamatlandyrýan Hasyl toýy ýurdumyzyň ähli künjeginde mynasyp baýram edildi. Baýramçylyk gününde paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda oba hojalygynyň hem-de agrosenagat toplumynyň gazanan üstünlikleriniň sergisi guraldy. Sergi milli Liderimiziň oba zähmetkeşlerimiz barada edýän aladasynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Redaksiýamyzyň döredijilik topary bilen sergä gatnaşan hususy önüm öndürijileriň gazanan üstünlikleri, iş tejribeleri, aýratyn-da, ýaş hünärmenleriň önümçilikdäki orny dogrusynda gyzyklandyk. Bir hakykat kalba doldy: ýaşlar — dört sütüniň biri. OL — «MAKSADA OKGUNLY»

Hususy ulgamyň ösüşi

Türkmenistanda telekeçilik işi dürli önümçilik we durmuş ulgamlarynda möhüm orny eýeläp, döwletimiziň durnukly ösüşine mynasyp goşandyny goşýar, gaýragoýulmasyz durmuş-ykdysady meseleleri netijeli çözmekde hem-de halkymyzyň ösen islegini kanagatlandyrmakda, halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň netijeliligini ýokarlandyrmakda wajyp ähmiýete eýe bolýar. Milli ykdysadyýetimiziň bu möhüm ulgamynyň işjeňleşmegi netijesinde täze iş orunlary döreýär, bäsdeşlige ukyply önümleriň görnüşleri we mukdary artýar, olary ýerlemekden alynýan peýdanyň möçberi hem-de dürli önümleriň we önümçilikleriň düşewüntliligi ýokarlanýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda gurluşyk işleri ýokary depginlerde alnyp barylýar. Gurluşyk pudagynda ýurdumyzyň hususy telekeçilik düzümine uly ornuň degişlidigini bellemeli. Türkmen hususyýetçileri döwlet kärhanalarynyň we guramalarynyň buýurmalary boýunça desgalaryň ençemesiniň gurluşygyna barha işjeň gatnaşýarlar we olaryň owadan, özboluşly bezegli binalary gurmakdaky tejribesi barha artýar.

Türk­men top­ra­gy­nyň önüm­le­ri da­şa­ry ýurt­la­ra ug­ra­dyl­ýar

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň alyp barýan içeri hem-de daşary syýasaty netijesinde, döw­let sy­ýa­sa­ty­ny üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­me­gi ne­ti­je­sin­de, Türk­me­nis­tan hä­zir­ki dö­wür­de dün­ýä ho­ja­lyk ul­ga­my­na iş­jeň go­şu­lyş­ýan yk­dy­sa­dy taý­dan kuw­wat­ly döw­le­te öw­rül­di. Eziz Wa­ta­ny­my­zyň dur­nuk­ly ös­me­gi­ni üp­jün et­mek şol sy­ýa­sa­tyň esa­sy mak­sa­dy­dyr. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz se­bit we äh­lu­mu­my me­ýil­le­riň üýt­ge­ýän is­leg­le­ri­ni ha­sa­ba al­mak bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň çe­ýe eks­port sy­ýa­sa­ty­ny eme­le ge­tir­mek üçin dün­ýä ba­zar­la­ry­nyň ýag­da­ýy­na yzy­gi­der­li sel­jer­me be­ril­me­gi­niň ze­rur­dy­gy­ny he­mi­şe nyg­ta­ýar. Şun­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz te­le­ke­çi­li­giň ös­dü­ril­me­gi­niň mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny hem-de ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň yg­ty­bar­ly ýo­lu­dy­gy­ny bel­le­ýär.