Yhlasly zähmetiň bereketi

20 Dekabr 2021
1307

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde düýpli işler alnyp barylýar. Diýarymyzda ýylyň ähli paslynda-da gerek boljak önümleri öndürmekde yhlasly zähmet çekýän daýhanlaryň yhlaslary ýerine düşýär.

Tagtabazar etrabynyň Erden geňeşliginiň ýaşaýjysy Ogultäç Agamämmedowa indi 30 ýyla golaý wagt bäri keremli toprakdan bol hasyl ýetişdirip gelýär. Ogultäç daýza ýetmiş ýaşa ser uran hem bolsa daýhançylyga yhlasly. Onuň bar maksady irde-giçde melleginde ýyladyşhana gurup, onda limon ýetişdirmek bolupdyr. Ol gaýynatasy Jumageldi aga, ýanýoldaşy Aganazar aga limon ekmek barada maslahat salýar.