«Türkmenşöhläniň» ýalkymy

22 Noýabr 2021
2076

Telekeçilik işi haýyrly we il-güne nep getirýän iş. Hormatly Prezidentimiziň telekeçilige aýratyn üns bermegi netijesinde, ýurda peýda getirýän telekeçileriň sany barha artýar. Olar halkyň sarp edýän harytlaryny öndürmekde, binalary we azyk önümlerini hem-de ýol gurmakda we beýleki işlerde ýeterlik tejribe toplap, Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly: «Ýurduň altyn gaznasyna» öwrüldiler. Döwletimiziň kuwwatly ösüşlerine mynasyp goşandyny goşýan hususy kärhanalaryň biri hem Änew şäherinde ýerleşýän «Türkmenşöhle» hojalyk jemgyýetidir. Biz golaýda bu ýerde bolup, hojalyk jemgyýetiniň zähmet durmuşy barada içgin gyzyklanyp, «Türkmenşöhle» hojalyk jemgyýetiniň direktory Döwletmuhammet Annadurdyýew bilen söhbetdeş bolduk.

— Döwletmuhammet, «Türkmenşöhhläniň» şuglasy tutuş Diýarymyza düşüp başlady. Siziň öndürýän önümleriňiz ýurdumyzyň ähli künjeginde uly islegden peýdalanýar. Gürrüňdeşligimiziň başyny bu asylly işe başlaýşyňyz, ilkinji ädimler we görkezijiler baradaky söhbet bilen başlap beräýseňiz.

Söh­bet­deş­li­gi taý­ýar­lan Dur­sun TE­KÄ­ÝE­WA,
žur­na­list.