Şanly senelere zähmet sowgatlary

6 Dekabr 2021
1577

Ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge goşant goşmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek türkmen telekeçileriniň öňünde durýan derwaýys wezipelerdir. Hormatly Prezidentimiziň goldaw-hemaýatlaryndan we döredip berýän mümkinçiliklerinden ruhlanýan hususy işewürler şol wezipeleri üstünlikli çözmegiň hötdesinden gelýärler. Geçen ýyl baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli gurlup, ulanylmaga berlen hususy ulgama degişli desgalaryň biri hem Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň «Yzgant» daýhan birleşiginiň çägindäki döwrebap guşçulyk toplumydyr. «Dogan Aý» haryt nyşanly ýokary hilli towuk etini öndürýän guşçulyk toplumynda häzirki günlerde öňümizdäki baýramçylyklary zähmet sowgatlary bilen garşylamaga güýçli depginde taýýarlyk görülýär.

Döwrebap guşçulyk toplumda innowasion tehnologiýalaryň kömegi bilen broýler jüýjeleri idedilip, ekologiýa taýdan arassa we tagamly towuk eti öndürilýär. Kärhana ýolbaşçylyk edýän hususy telekeçi Topar Ataýew guş toplumynda işleriň ýola goýluşy barada şeýle gürrüň berýär:

Ahmet GELDIÝEW,
«Watan».