"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Şadyýan çagalygyň Diýary

Berkarar Diýarymyzda ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Hormatly Prezidentimiziň: «Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar» diýip nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda ýaş nesliň sagdyn, bagtyýar ösmegi ugrunda ägirt uly tutumly işler üstünlikli amala aşyrylýar. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi ata-babalarymyzdan gelýän ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Arkadag şäherinde ajaýyp, ähli şertleri bolan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň gurlup ulanylmaga berilmegi bolsa bu ugurda aýratyn guwandyryjy wakalaryň biri boldy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen gaznanyň alyp barýan işleri barada, şeýle hem çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň mümkinçilikleri dogrusynda giňişleýin söhbet açýan, türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilen «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy» atly ajaýyp kitap halkymyza gowuşdy. «Gurplulygyň öz şertleri bar», «Beren eliň berekedi artar», «Durmuşyň gymmaty — saglyk», «Hossarlyk — öçmez umyt», «Howandarlyk jebisligi döredýär» diýen bölümlerden ybarat bolan bu kitap haýyr işleriň beýany bolup, ynsanperwerligiň beýik nusg

Saglygymyz öz elimizde

Tomus pasly ajaýyp döwür. Bu pasyl adamlaryň deňziň kenaryna, oba ýerlerine ýa-da başga ýurtlara syýahata gidip, dynç alýan döwri hasaplanylýar. Howanyň aşa gyzýan döwürlerinde dürli ýokanç içege kesellerini döredýän mikroorganizmleriň köpelmegi üçin hem amatly şertler döreýär. Bu mikroorganizmler adatça 20—37 gradus gyzgynlyk derejesinde daşky gurşawda giňden ýaýraýar. Olaryň aglabasy iýmit önümleriniň düzüminde köpelýärler. Şonuň üçin tomusda saglygyňy goramak we ýokanç keselleriň öňüni almak üçin şu aşakdaky agzalýan düzgünleri pugta berjaý etmeli: 1. Şahsy arassaçylygyň talaplaryny berk berjaý etmeli, ýagny elleriňizi daşardan öýe geleniňizde, nahardan öň we soň, umuman, ýygy-ýygydan sabyn bilen ýuwmaly.

Möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maslahatlar

Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin, sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. * * *Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, sagdyn iýmitlenmeli. Ir säher bilen we agşamara arassa howada pyýada ýöremeli.

Gün urmanyň öňüni almak

Çagalarda Gün urma ýa-da yssy howanyň täsiri netijesinde bedeniň aşa gyzmagy ýaly howply ýagdaýlar ýüze çykanda, dessine çagany salkyn howaly, ýelejiredilen otaga ýa-da salkyn saýaly ýere geçirmeli, onuň üstki egin-eşiklerini, aýakgabyny çykaryp, az-azdan otag temperaturasyndaky suwdan içirmeli, çaganyň dem alşy ýeňilleşer ýaly howa akymy bilen üpjün etmeli, salkyn şemal geler ýaly çaganyň ýüzüni ýelpemeli. Çaganyň endamyny aşa sowuk bolmadyk suwda çyg esgi bilen süpürmeli. Otagda sowadyjy enjamlaryň aşa sowuk howa bermeginden saklanmaly. Sebäbi aşa sowuk howa gyzyp duran çaga bedeninde sowuklama keselleriniň ýüze çykmagyna getirip biler. Çaganyň ýüzüniň derisiniň aşa gyzarmagy sebäpli, oňa gaýmak ýa-da gatyk çalyp bolar, ýöne gaty ýanan çaga derisine, lukmanyň maslahaty bolmasa, melhemleri ýa-da dermanlary özbaşdak ulanmak bolmaýar. Çaganyň beden gyzgyny ýokary derejede saklansa, dessine lukmana ýüz tutmaly. Tomus paslynyň yssy günlerinde çagalara açyk reňkli nah matalardan tikilen ýeňil geýimleri geýdirmeli. Çaganyň kellesini Gün şöhlesinden goramaga ukyply açyk reňkli başgaplary geýdirmeli ýa-da nah matadan bolan ýaglyk bilen örtmeli. Gün şöhlesiniň has ýitileşýän wagtlary sagat 10-dan 18-e çenli çagalaryň açyk howada oýnamagyna, açyk howuzlarda, ýaplarda, kanallarda bellenilmedik ýerlerde suwa düşmeklerine ýol bermeli däl. Howanyň gyzgynlygynyň ýokary halatlarynda çagalary

Tomus: düzgünleri berjaý ediň!

Tomus — dynç alşyň, gezelençleriň, dürli miwedir gök önümleriň ýetişýän döwri. Dynç alşyň lezzetli, gezelençleriň gyzykly bolmagy üçin bolsa, ilki bilen, janymyz sag bolmaly. Hut şonuň üçin hem tomsuň yssy günlerinde saglygyňy durnukly saklamak, kesellerden goranmak esasy wezipe bolup durýar.

Tomus paslynda möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maslahatlar “Saglygyň gadryny bilgil, hasta bolmasdan burun”

Iýmit zäherlenmeleriniň we ýiti içege ýokanç keselleriniň öňüni almak maksady bilen, iýmit önümlerine bildirilýän gigiýeniki talaplary dogry berjaý ediň, olary söwda merkezlerinden satyn alyň, öý şertlerinde talaba laýyk saklaň we belgileniş nyşanynda görkezilen möhletine laýyklykda saklamagy we ulanmagy unutmaň! Tomus paslynyň talaplaryna laýyklykda geýniň! Deňizde we howdanlarda ýüzülende tertip-düzgünleri berjaý ediň!

Tomus paslynda peýdaly maslahatlar

1. Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli, arassa agyz suwuny ýeterlik mukdarda kabul etmeli. 2. Lukmanyň bellän bejergisini we berhiz saçaklaryny dogry berjaý etmeli. Gan basyşyny gözegçilikde saklamaly.

Saglykda ýaşasaň, ömrüň gözeldir

Paýhasly ata-babalarymyz durmuşda iň gymmatly baýlygyň saglykdygyny ýaňzydýan «Saglygym bar — baýlygym bar», «Saglygym — baş baýlygym», «Saglyk — beglik» ýaly pähimleri miras galdyryp, bize — öz nesillerine sagdyn durmuş ýörelgesine uýup ýaşamaklygy ündäpdirler. Halkymyz ir döwürlerden bäri temmäki, nas, neşe, şerap ýaly zyýanly pişelerden gaça durup, oňa ýykgyn edenleri-de berk ýazgarypdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nesillerimizi sagdyn ruhda terbiýelemek, adamyň saglygyna zyýan ýetirýän çilimkeşlige garşy göreşmek, temmäki önümlerini ulanýan raýatlaryň saglygyny bejerip, olaryň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak maksady bilen, ýurdumyzda ýaramaz endiklere garşy berk göreş alnyp barylýar we bu ugurda kanunçylyk kämilleşdirilýär. «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu Kanun ýurdumyzda raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden goralmagy babatda döwlet syýasatynyň ýörelgelerini kesgitleýär.

Gün şöh­le­si­niň tä­si­ri

Gün ur­ma­da gyz­gy­nyň ýo­kar­lan­ýar, be­de­niň de­ri ör­tü­gi gy­zar­ýar, ýü­rek çalt ur­ýar, kel­la­gy­ry, baş aý­lan­ma, ys­gyn­syz­lyk, aýak­lar­da agy­ry, huş ýi­tir­me, uka me­ýil­li­lik, gu­lak şaň­la­ma peý­da bol­ýar. Ýer ýü­zün­de Gün­süz ýa­şaý­şyň ýok­du­gy­ndan ça­ga­ly­gy­myz­dan bä­ri ha­bar­ly. Gü­neş­li gün keý­pi çag­la­ýar, iş­jeň­lik art­ýar, be­den­dä­ki mad­da çal­şy­gy ýo­kar­lan­ýar.

Saglygymyzy goramak öz elimizde!

Pasyllaryň çalyşmagy, howanyň gyzgynlyk derejesiniň ýokarlanmagy adam bedenine dürlüçe täsir edýär we möwsümleýin keselleriň ýüze çykmagyna getirýär. Şonuň üçin yssy howada daşarda gezim edilip gelnenden soň, aşa sowuk suwy içmekden saklanmaly! Gurak we yssy howada hereket edilende, adam bedeni köp mukdarda suw talap edýär. Şonuň üçin öýden çykanyňyzda ýanyňyz bilen arassa içimlik agyz suwuny almagy unutmaly däl. Howanyň yssy günlerinde gaýnadylyp, sowadylan suwy içmek örän peýdalydyr. Tomus paslynyň talaplaryna laýyklykda, nah matalardan taýýarlanan egin-eşikleri geýmeli.

Tomus: düzgünleri berjaý ediň!

Tomus — dynç alşyň, gezelençleriň, dürli miwedir gök önümleriň ýetişýän döwri. Dynç alşyň lezzetli, gezelençleriň gyzykly bolmagy üçin bolsa, ilki bilen, janymyz sag bolmaly. Hut şonuň üçin hem tomsuň yssy günlerinde saglygyňy durnukly saklamak, kesellerden goranmak esasy wezipe bolup durýar. Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli.

Tomsuň yssysynda

Gün şöhlesi, arassa howa ynsan saglygyna örän peýdaly bolup, ol ýerlikli peýdalanylanda «D» witaminiň işlenip çykmagyna oňaýly täsir edýär we bedeniň kesellere garşy göreşmek ukybyny pugtalandyrýar. Ýöne, Gün şöhlesiniň aşagynda uzak wagtlap durmak bedende dürli bozulmalaryň ýüze çykmagyna getirip biler. Tomus möwsüminde howanyň aşa gyzmagynyň netijesinde, Günüň ýiti şöhlesinden goranmaly, şeýle hem, gartaşan we dowamly keselleri bar bolan adamlar lukmanyň gözegçiliginde bolmaly. Howanyň aşa gyzan mahalynda gezelenje çykmak maslahat berilmeýär. Möwsüme görä açyk reňkli, nah matadan tikilen eşikleri geýip çykmaly. Günüň şöhlesinden goranmak üçin kellä başgap geýmeli, ýaglyk daňynmaly, saýawan götermeli we arassa agyz suwuny içmeli.

Önüm­çi­lik gim­nas­ti­ka­sy

«7/24 tm» № 27 (162) 03.07.2023 Ylym­da we tej­ri­be­de bel­li bol­şy ýa­ly, gim­nas­ti­ka maşk­la­ry be­den ag­za­la­ry­nyň iş­jeň­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, kä­mil­leş­dir­mä­ge kö­mek ed­ýär. Gim­nas­ti­ka be­de­niň äh­li­ta­rap­la­ýyn ösü­şi­ne, ber­ke­me­gi­ne, sport­da ula­nyl­ýan emel­le­ri ta­kyk öz­leş­dir­mä­ge ýar­dam ed­ýär.

To­mus­da sag­ly­gy­ňy nä­dip ber­kit­me­li?

«7/24 tm» № 27 (162) 03.07.2023 Hü­när­men­le­riň ma­sla­hat ber­me­gi­ne gö­rä, to­mus pas­ly sag­ly­gy­ňy ber­kit­mek üçin amat­ly dö­wür­dir. Luk­man­lar to­mus­da sag­ly­gy­ňy ber­kit­mekde mö­hüm bo­lan esa­sy ugur­la­ry sal­gy ber­ýär­ler. My­rat Gar­ry­ýew adyn­da­ky Türk­me­nis­ta­nyň döw­let luk­man­çy­lyk uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my Mer­jen Berdi­ýe­wa to­mus pas­lyn­da sag­ly­gy­ňy go­ra­mak we pug­ta­lan­dyr­mak bi­len bag­ly mas­la­hat ber­ýär:

Tomus paslynda berjaý edilmeli düzgünler

«7/24 tm» № 27 (162) 03.07.2023 Gü­ne­şe baý Di­ýa­ry­myz­da to­mus pas­ly do­wam ed­ýär. Gün şöh­le­si­niň, se­leň ho­wa­nyň, aras­sa su­wuň adam sag­ly­gy üçin peý­da­sy­nyň örän ulu­dy­gy hem­mä mä­lim. Gün şöh­le­si ýer­lik­li peý­da­la­ny­lan­da, be­de­niň go­rag ul­ga­my pug­ta­lan­ýar, be­den­de ýa­şa­ýyş üçin ze­rur mad­da­lar dö­re­ýär. Suw-duz çal­şy­gy iş­jeň­le­şip, de­ri ör­tü­gi­niň üs­ti bi­len der ar­ka­ly ar­tyk su­wuk­lyk çy­ka­ryl­ýar. Bu ha­dy­sa­nyň ka­da­ly do­wam et­me­gi üçin hök­man gü­nüň do­wa­myn­da aras­sa agyz su­wu­nyň 1,5-2 lit­ri­ni iç­me­li. Köp­räk gök önüm­le­ri, ter mi­we­le­ri iý­me­li, ola­ryň şi­re­le­ri­ni iç­me­li. Gü­nüň do­wa­myn­da iýil­ýän na­har ýe­ňil we ýo­kum­ly, tä­ze taý­ýar­la­nan bol­ma­ly.

Möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maslahatlar

• Tomus paslynyň talaplaryna laýyklykda geýinmeli. • Deňizde we howdanlarda suwa düşeniňizde tertip-düzgünleri berjaý etmeli.

Saglygyň gadyryny biliň!

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlaryny maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, yzygiderli kabul ediň! Öýden çykarylýan zyňyndylar zir-zibil üçin niýetlenen polietilen haltajyklara ýerleşdirilip, dogry ýok edilmeli.

Tomus: kadalary berjaý ediň!

Häzir tomus pasly dowam edýär. Bu pasylda möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin degişli kadalary berjaý etmek maslahat berilýär: Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeli. Arassa agyz suwuny ýeterlik mukdarda içmeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly.

Saglyga peýdaly maslahatlar

■ Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli, arassa agyz suwuny ýeterlik mukdarda içmeli. ■ Lukmanyň bellän bejergisini we berhiz saçaklaryny dogry berjaý etmeli. Gan basyşyny gözegçilikde saklamaly.

Melhemler mekany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary netijesinde, beýleki ulgamlar bilen bir hatarda, saglyk ulgamynda hem uly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda hereket edýän döwrebap şypahanalar halkymyzyň saglygyny berkitmekde uly ähmiýete eýedir. «Daşoguz» şypahanasynda hyzmatyň ýola goýluşy, raýatlaryň şypaly dynç almaklary üçin oňaýly şertler ildeşlerimizde hoşallyk duýgularyny döredýär.