Saglygymyz öz elimizde

5 Iýul 2023
306

Tomus pasly ajaýyp döwür. Bu pasyl adamlaryň deňziň kenaryna, oba ýerlerine ýa-da başga ýurtlara syýahata gidip, dynç alýan döwri hasaplanylýar. Howanyň aşa gyzýan döwürlerinde dürli ýokanç içege kesellerini döredýän mikroorganizmleriň köpelmegi üçin hem amatly şertler döreýär. Bu mikroorganizmler adatça 20—37 gradus gyzgynlyk derejesinde daşky gurşawda giňden ýaýraýar. Olaryň aglabasy iýmit önümleriniň düzüminde köpelýärler. Şonuň üçin tomusda saglygyňy goramak we ýokanç keselleriň öňüni almak üçin şu aşakdaky agzalýan düzgünleri pugta berjaý etmeli:

1. Şahsy arassaçylygyň talaplaryny berk berjaý etmeli, ýagny elleriňizi daşardan öýe geleniňizde, nahardan öň we soň, umuman, ýygy-ýygydan sabyn bilen ýuwmaly.

Jumagözel BAÝRAMOWA,
Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň kiçi ylmy işgäri.