Gün urmanyň öňüni almak

5 Iýul 2023
361

Çagalarda Gün urma ýa-da yssy howanyň täsiri netijesinde bedeniň aşa gyzmagy ýaly howply ýagdaýlar ýüze çykanda, dessine çagany salkyn howaly, ýelejiredilen otaga ýa-da salkyn saýaly ýere geçirmeli, onuň üstki egin-eşiklerini, aýakgabyny çykaryp, az-azdan otag temperaturasyndaky suwdan içirmeli, çaganyň dem alşy ýeňilleşer ýaly howa akymy bilen üpjün etmeli, salkyn şemal geler ýaly çaganyň ýüzüni ýelpemeli. Çaganyň endamyny aşa sowuk bolmadyk suwda çyg esgi bilen süpürmeli. Otagda sowadyjy enjamlaryň aşa sowuk howa bermeginden saklanmaly. Sebäbi aşa sowuk howa gyzyp duran çaga bedeninde sowuklama keselleriniň ýüze çykmagyna getirip biler. Çaganyň ýüzüniň derisiniň aşa gyzarmagy sebäpli, oňa gaýmak ýa-da gatyk çalyp bolar, ýöne gaty ýanan çaga derisine, lukmanyň maslahaty bolmasa, melhemleri ýa-da dermanlary özbaşdak ulanmak bolmaýar. Çaganyň beden gyzgyny ýokary derejede saklansa, dessine lukmana ýüz tutmaly.

Tomus paslynyň yssy günlerinde çagalara açyk reňkli nah matalardan tikilen ýeňil geýimleri geýdirmeli. Çaganyň kellesini Gün şöhlesinden goramaga ukyply açyk reňkli başgaplary geýdirmeli ýa-da nah matadan bolan ýaglyk bilen örtmeli. Gün şöhlesiniň has ýitileşýän wagtlary sagat 10-dan 18-e çenli çagalaryň açyk howada oýnamagyna, açyk howuzlarda, ýaplarda, kanallarda bellenilmedik ýerlerde suwa düşmeklerine ýol bermeli däl. Howanyň gyzgynlygynyň ýokary halatlarynda çagalaryň işjeň fiziki oýunlar bilen meşgullanmazlygyny gazanmaly. Çagalaryň köp mukdarda arassa suw, miwelerden gaýnadylan şerbetleri, ter miwelerden sykylyp taýýarlanylan şireleri içmeklerini üpjün etmeli. Çaganyň ýeňil we çalt siňýän, ýagny gök we bakja önümlerden taýýarlanylan tagamlar bilen iýmitlenmekleri zerurdyr. Çagalaryň oýun we dynç alyş wagtlary talabalaýyk guralsa, olaryň tomusky dynç alyş möwsümi netijeli we şadyýan geçer.

Gülnabat ALTYÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 2-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany.