Şadyýan çagalygyň Diýary

5 Iýul 2023
346

Berkarar Diýarymyzda ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Hormatly Prezidentimiziň: «Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar» diýip nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda ýaş nesliň sagdyn, bagtyýar ösmegi ugrunda ägirt uly tutumly işler üstünlikli amala aşyrylýar. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi ata-babalarymyzdan gelýän ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Arkadag şäherinde ajaýyp, ähli şertleri bolan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň gurlup ulanylmaga berilmegi bolsa bu ugurda aýratyn guwandyryjy wakalaryň biri boldy.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen gaznanyň alyp barýan işleri barada, şeýle hem çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň mümkinçilikleri dogrusynda giňişleýin söhbet açýan, türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilen «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy» atly ajaýyp kitap halkymyza gowuşdy. «Gurplulygyň öz şertleri bar», «Beren eliň berekedi artar», «Durmuşyň gymmaty — saglyk», «Hossarlyk — öçmez umyt», «Howandarlyk jebisligi döredýär» diýen bölümlerden ybarat bolan bu kitap haýyr işleriň beýany bolup, ynsanperwerligiň beýik nusgasyna öwrüldi.

Selbi HAJYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkeziniň kliniki ordinatory.