"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Gün şöhlesiniň täsiri

Biziň ýurdumyz güneşe baý bolansoň, tomus pasly howa gaty yssy bolýar. Şoňa görä, tomusda adamlaryň köpüsi zähmet rugsadyna çykyp, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda we beýleki şypahanalarda dynç alýarlar hem-de öz saglygyny berkidýärler. Sebäbi Gün şöhlesi, arassa howa ynsan saglygyna örän peýdalydyr. Gün şöhlesi ýerlikli peýdalanylsa bedeniň kesellere garşy göreş (immun) ulgamy pugtalanýar. Günüň ultra melewşe şöhlesi diş we süňk dokumalaryna peýdaly bolan D witaminiň işlenip çykmagyna oňaýly täsir edýär, ýöne Gün şöhlesinden dogry peýdalanmaly, munuň üçin ir sagat 06.00-dan 09.00-a çenli we agşam sagat 18.00-dan 20.00-a çenli iň amatly wagtdyr.

Yssy howada saglygyňyzy goraň!

Şu günler howanyň aşa gyzmagy saglyk ýagdaýymyza has ünsli bolmagy talap edýär. Şonuň üçin hem lukmanlar jöwzaly tomusda şu aşakdaky kadalary hökman berjaý etmegi maslahat berýärler: Yssy howada ýeňil, rahat, arassa nah matadan tikilen açyk reňkli egin-eşikleri geýmeli.

Tomus günlerinde sagdyn iýmitlenmegiň ähmiýeti

Häzirki wagtda dowam edýän tomus paslynyň yssy günlerinde saglygyňy durnukly goramak, kesellerden goranmak esasy wezipe bolup durýar. Saglygyň baş şerti kadaly iýmitlenmekdir. Kadaly iýip-içmek ynsanyň saglygyny berkidýär, fiziki hem ruhy sagatlygyny üpjün edýär. Nädogry iýmitlenmek köplenç ýagdaýlarda dürli kesellere sebäp bolýar. Hut şonuň üçin hem tomsuna sagdyn iýmitlenmegiň kadalary hökman ýerine ýetirilmelidir. Günüň dowamynda az-azdan birnäçe gezek iýip-içmeli. Yssy howada der bilen bile bedenden zerur witaminler we minerallar hem çykýar. Netijede, özümizi agyr duýýarys, ysgynsyz bolýarys, immunitetimiz peselýär. Şonuň üçin hem köpräk gök önümleri, miwedir ir-iýmişleri iýmeli. Olary iýmezden öňürti gowy edip ýuwmaly. Şahsy arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmeli. Nahary diňe bir gezeklik taýýarlamaly, çünki yssy howada önümler çalt zaýalanyp, iýmit zäherlenmesine getirip bilýär. Önümleri satyn alanyňyzda, hökman möhletine we saklanyş düzgünine seretmeli.

Yssy howada özüňizi goraň!

Şu günler howanyň aşa gyzmagy saglyk ýagdaýymyza has ünsli bolmagy talap edýär ■ Tomus paslynyň dowam edýän günlerinde Gün urma hadysalarynyň, döräp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator-ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, paslyň aýratynlyklaryna laýyklykda geýniň!

Gün urmasyndan ägä boluň!

Ýaşaýyşda zerur bolan Günüň ýagtylygy hem ýylylygy topragyň düzümindäki kesel döredijileri ýok edip, bakterisid häsiýete eýedir. Günüň ultramelewşe şöhlesi süňkleriň berkemeginde, çagalarda igleme keseliniň öňüni almakda juda peýdalydyr. Tomusda howanyň gyzgynlyk derejesiniň ýokarlanmagynyň netijesinde, Gün aşa gyzyp, onuň ýaramaz täsirleri bildirip başlaýar. Şonuň üçin yssy günlerde Gün urmasyndan ägä bolmaly. Howanyň gyzgyn mahaly uzak wagtlap daşarda gezilende Gün urýar. Şol sebäpli lukmanlarymyz raýatlarymyza şulary ýatladýar: Howanyň aşa gyzan wagty zerurlyk bolmasa, daşarda gezmeli däl. Ylaýta-da, çagalary, uly ýaşly adamlary aýratyn goramaly. Günden goraýan serişdeleri ulanmaly, kellä ak başgap geýmeli ýa-da ýaglyk daňmaly, saýawan götermeli, egin-eşikler hem açygyrak reňkde bolsa gowy. Gün ursa kelläň agyrmagy, gyzgynyň galmagy, essiň aýylmagy, ýüregiň bulanmagy, gan basyşyň beýgelmegi we gaýtarmak ýaly alamatlar bolýar. Eger-de şeýle ýagdaý ýüze çyksa, haýal etmän lukmana ýüz tutmaly we ilkinji kömegi bermeli.

Sag başym – soltan başym

Hormatly adamlar! Tomus möwsüminde howanyň aşa gyzmagy adamlaryň özüni alyp barşynda käbir kadalara has ünsli bolmagyny hem-de olary berk berjaý etmegini talap edýär. Gartaşan we dowamly keselleri bolan adamlara, kiçi ýaşly çagalara howanyň aşa gyzan mahalynda daşary çykmak maslahat berilmeýär. Gezelenje  irden sagat  9:00-a çenli we öýlän howanyň salkynlaşan mahalynda, ýagny 18:00-dan soň  çykmak maslahat berilýär. Daşary çykylanda, möwsüme görä (açyk reňkli, nah matadan tikilen eşikleri) geýinmek, kellä Günüň ýiti şöhlesinden goranmak üçin başgap geýmek, ýaglyk daňynmak, saýawan götermek, gözleri goraýan gara äýnek dakynmak, arassa agyz suwuny ýanyň bilen almak maslahat berilýär.

Günüň ýiti şöhlesinden goranmagyň düzgünleri

Tomus paslynda Günüň ýiti şöhlesinden goranmak hemmämiziň saglygymyz üçin hökmanydyr. Yssydan goranmagyň düzgünlerini berk berjaý etmek bilen biz saglygymyzy gorap bileris. Tomsuň yssy günlerinde Günüň ýiti şöhlesinden goranmak üçin ak, açyk reňkli egin-eşik, başgap geýmek, ýaglyk daňynmak, Gün şöhlesinden goraýan äýnekleri, saýawanlary ulanmak, arassa agyz suwuny ýanymyz bilen götermek maslahat berilýär. Şeýle hem köpräk gök önümleri, miweleri iýmek, günüň dowamynda gerekli mukdarda 1,5-2,5 litre çenli arassa agyz suwuny içmek peýdalydyr. Agyr we ýagly naharlary iýmekden, gazly we sowuk içgileri içmekden, bedene fiziki agram salmakdan saklanmaly.

Yssy howadan goranalyň!

Adaty bolmadyk yssy howa adamyň beden saglygyna zyýan ýetirýär we bar bolan keselleriň täze döremegine ýa-da güýçlenmegine sebäp bolup biler. Şonuň üçin hökmany ýagdaýda yssy howadan goranmak zerurdyr. Howa gaty gyzanda we Gün şöhlesi ýitileşende, bedeniň gyzgynlygy deriň bölünip çykmasy we bugarmasy bilen kadalaşdyrylýar. Deriň bölünip çykmagy bilen beden özüni öte gyzmakdan goraýar. Mundan başga-da, derlemek bedenden toksinleriň çykarylmagyna hem ýardam edýär. Yssy howadan goranmak üçin günde sarp edilýän suwuň mukdaryny köpeltmeli hem-de limonly suw, gök çaý, miwe şirelerini köp içmeli.

Jöwzaly yssydan goranalyň!

Ýurdumyzda hereket edýän şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini doly we dogry berjaý etmeli. ***

Arkadag — sagdynlygyň şäheri

Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň desgalarynyň açylyp ulanmaga berilmegi ähli halkymyz bilen birlikde, biz — saglygy goraýyş işgärlerini hem juda begendirdi. Täze şäher lukman Arkadagymyzyň ilatyň saglygy baradaky aladasynyň aýdyň nusgasyna öwrüldi. Şäheriň ekologik aýratynlyklary, onuň «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlandygy, bu ýerde elektromobilleriň we elektrobuslaryň hereket etmegi, bina edilen saglygy goraýyş maksatly desgalar, olarda ornaşdyrylan innowasion lukmançylyk enjamlary hem munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. 29-njy iýunda beýleki durmuş maksatly desgalar bilen bir hatarda, Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirligi we onuň garamagyndaky 350 orunlyk köpugurly hassahana, 150 orunlyk onkologiýa merkezi, 150 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, «Tiz kömek» merkezi, saglyk öýi, Awtoulaglar kärhanasy hem açylyp ulanmaga berildi. Bilşimiz ýaly, şol gün Arkadag şäherinde ilkinji gezek täze «123» gullugy işe girizildi. Munuň özi degişli dessin gulluklary, şol sanda gaz we ýangyn howpsuzlygy, «Tiz kömek» gulluklaryny çagyrmagyň bitewi belgisidir. Täze şäherde bilim ugruna hem uly üns berilýär. Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi ýaşlara saýlap alan hünärini öwrenmäge we ele almaga giň mümkinçilik döreder.

Möhüm ähmiýetli çäre

Sişenbe güni paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň çäginde ýerleşýän Sportuň oýun görnüşleriniň toplumynda Birleşen Milletler Guramasynyň Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasynyň Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, Içeri işler ministrligi hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde guramagynda neşekeşlige we neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmegiň Bütindünýä güni mynasybetli geçirilen çäre diýseň ähmiýetli boldy. Oňa ýaşlaryň köp sanlysy gatnaşdy. Bu çäräniň baş maksady ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesiniň ähmiýetini giňden wagyz etmekden, bedenterbiýäniň we sportuň meşhurlygyny artdyrmakdan, parahatçylygyň hem-de gender deňliginiň many-mazmunyny şöhlelendirmekden ybaratdyr.

Möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maslahatlar

1. Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli, arassa agyz suwuny ýeterlik mukdarda içmeli. 2. Lukmanyň bellän bejergisini we berhiz düzgünlerini dogry berjaý etmeli. Gan basyşyny gözegçilikde saklamalydyr.

Sagdynlyk – bagtyýarlyk

«Bedenterbiýe we sport jemgyýetimizi jebisleşdirýän, halkymyzy beýik ösüşlere ruhlandyrýan güýçdür» diýip, mähriban Arkadagymyz belleýär. Halkymyzy sporta höweslendirmekde, ýaş türgenleriň sanyny artdyrmakda, sporta ukyply ýaşlary ýüze çykarmakda, olary sagdyn ruhda terbiýelemekde uly işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda tehnologiýanyň ösen zamanasynda ýaşaýarys. Hut şoňa görä-de, biziň gündelik durmuşymyz işjeň ýagdaýda geçýär. Şol başagaýlygyň arasynda biz özümiziň saglygymyzy ünsden düşürýäris. Ýogsa ynsanyň iň uly baýlygynyň saglykdygyna hem gowy düşünýäris. Saglygy hiç zat bilen deňäp bolmaz. Elbetde, şonuň üçinem ýaşymyza, kärimize garamazdan, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermelidiris.

Jana lezzetli içgiler

Lukmanlar yssy günlerde adamyň günüň dowamynda ýeterlik möçberde arassa agyz suwuny içmelidigini belleýärler. Adam saglygyna ýönekeý suwdan başga-da peýdaly içgiler kändir.

Sagdyn ýaşamak

Beden saglygy üçin iň möhüm häsiýet özüňi ruhlandyrmakdyr. Ruhuň şadyýanlygy bedenimize täze ýaşaýyş berýär. Hereket — bu ýaşaýyşdyr. Fiziki işjeňlik adam bedeniniň kadaly hereket etmegi üçin möhümdir. Hereketliligiň ýetmezçiligi witaminleriň, mineral serişdeleriň, kislorodyň we beýlekileriň ýetmezçiligi ýaly, adam bedeni üçin zyýanlydyr.

Gün urma

Tomus paslynda daşarda köp wagtlap başaçyk gezseň, Gün urýar. Şeýle ýagdaýda ilki ýadawlyk, gowşaklyk, kellagyry, başaýlanma duýulýar. Bu alamatlara soňra göz öňüniň garaňkyramagy, gulaklaryň şaňlamagy, ýüregiň urşunyň çaltlanmagy hem goşulýar. Bada-bat kömek edilmedik, üstesine, özüni näsag duýýandygyna garamazdan, Günüň astynda bolmagy dowam etdirýän adamyň ýagdaýy has-da beterleşýär. Gün uran adamyň kähalatlarda burny ganaýar. Gün urmanyň ýeňil görnüşinde hassany kölegä geçirip, ýatyrmaly, daşky eşiklerini çykarmaly, kellesine sowuk ýapgy goýmaly, suw içirmeli we haýal etmän hassahana ibermeli. Hormatly adamlar, tomsuň yssy günlerinde Gün urmazlygy üçin başyňyza başgap, egniňize ak reňkli, nah lybaslary geýmegi ýa-da saýawan götermegi unutmaň!

Saglygym — baýlygym

Ýurdumyzda ynsan saglygy ýurduň baş baýlygyna deňelýär. Şeýle bolansoň, diýarymyzda raýatlaryň saglygy, sagdynlygy we bagtyýarlygy hakda uly aladalar edilip, bu babatda giň göwrümli işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurdaky tagallalardan ugur alnyp, Ak bugdaý etrabynyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ilatyň arasynda baý many-mazmunly wagyz-nesihat çäreleri guralýar. Häzirki günlerde sagdyn durmuş ýörelgelerine bagyşlanyp geçirilýän wagyz-nesihat çäreleriň netijeliligine aýratyn ähmiýet berilýär. Tomus paslynyň howanyň gyzgyn häzirki günlerinde Günüň ýiti şöhlesinden goranmak, ýokumly gök-bakja önümleri, ir-iýmişler bilen köpräk iýmitlenmek, arassaçylyk düzgünlerini we sagdyn durmuş ýörelgelerini gyşarnyksyz berjaý etmek boýunça ildeşlerimize gymmatly maslahatlaryň berilýändigini bellemelidiris.

Raýatlaryň saglygy — jemgyýetiň sagdynlygy

Ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda abadan durmuşda onki synaň sagat ýaşamak üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ata Watanymyzda adam saglygy hakynda alada ähli zatdan ilerde goýulýar. Şol aladanyň özenini bolsa ynsan saglygyna zyýan ýetirip biljek käbir nogsanlyklaryň öňüni almak düzýär. Şeýle ýaramaz pişeleriň ilkinjileriniň hatarynda çilimkeşligi aýratyn belläp bolar. Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň ýakynda geçirilen mejlisi bu mesele babatynda ýene bir ýola çynlakaý oýlanmaga, bagtyýar nesillerimizi ýaramaz pişelerden, şol sanda çilimkeşlikden gorap saklamaga bolan borjumyzy has artdyrýar. Mejlisde döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan çilimkeşlige garşy hemişe ýiti göreş alyp bardy we bu göreşi geljekde hem dowam etdirer. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2011-nji ýylda Türkmenistanyň temmäkiniň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça borçnamalary öz üstüne alyp, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Temmäkä garşy göreşmek boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna goşulandygyny aýratyn nygtamak gerek. Şeýle hem 2013-nji ýylyň dekabrynda «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Geçen ýylda bolsa «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022

Buýsanja beslenýän belent ymarat

Adamlaryň durmuşy gönüden-göni olaryň saglygy bilen baglanyşykly. Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär. Berkarar döwletimizde halkymyzyň saglygyny goramakda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ähli sebitleri bilen bir hatarda biziň welaýatymyzda häzirkizaman saglygy goraýyş ulgamynyň talaplaryna doly kybap gelýän döwrebap hassahanalaryň, saglyk merkezleriniň onlarçasy gurlup, ulanylmaga berildi. Ýene-de sanlyja günlerden bolsa Dänew we Saýat etraplarynda durky täzelenilen hassahanalar dabaraly ýagdaýda işe giriziler.

Düzgünleri berjaý ediň!

Tomus möwsüminde howanyň aşa gyzmagy sebäpli Günüň ýiti şöhlesinden goranmaly, şeýle hem gartaşan we dowamly keselleri bar bolan adamlar degişli maşgala lukmanynyň gözegçiliginde bolmaly. Howanyň aşa gyzan mahalynda gezelenje çykmak maslahat berilmeýär. Möwsüme görä açyk reňkli, nah matadan tikilen eşikleri geýip çykmaly. Günüň şöhlesinden goranmak üçin başgap geýmeli, ýaglyk daňynmaly, saýawan götermeli we arassa agyz suwuny içmeli. Gün urmak howpy tomsuna has ýokarlanýar. Şonuň üçin gündiz sagat 09:00-dan 18:00 aralygynda ýiti Gün şöhlesinden goranmak maslahat berilýär. Gün uran adamy, ilki bilen, kölege ýere geçirip ýatyrmaly. Onuň maňlaýyna, yüreginiň üstüne öl mata goýmaly, oňa suw içirmeli we hassahana ugratmaly.