Gün şöhlesiniň täsiri

11 Iýul 2023
493

Biziň ýurdumyz güneşe baý bolansoň, tomus pasly howa gaty yssy bolýar. Şoňa görä, tomusda adamlaryň köpüsi zähmet rugsadyna çykyp, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda we beýleki şypahanalarda dynç alýarlar hem-de öz saglygyny berkidýärler. Sebäbi Gün şöhlesi, arassa howa ynsan saglygyna örän peýdalydyr. Gün şöhlesi ýerlikli peýdalanylsa bedeniň kesellere garşy göreş (immun) ulgamy pugtalanýar.

Günüň ultra melewşe şöhlesi diş we süňk dokumalaryna peýdaly bolan D witaminiň işlenip çykmagyna oňaýly täsir edýär, ýöne Gün şöhlesinden dogry peýdalanmaly, munuň üçin ir sagat 06.00-dan 09.00-a çenli we agşam sagat 18.00-dan 20.00-a çenli iň amatly wagtdyr.

Mamajan JUMANAZAROWA,
Aşgabat şäher talyplar saglyk öýüniň iç keselleri lukmany.