Raýatlaryň saglygy — jemgyýetiň sagdynlygy

5 Iýul 2023
363

Ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda abadan durmuşda onki synaň sagat ýaşamak üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ata Watanymyzda adam saglygy hakynda alada ähli zatdan ilerde goýulýar. Şol aladanyň özenini bolsa ynsan saglygyna zyýan ýetirip biljek käbir nogsanlyklaryň öňüni almak düzýär. Şeýle ýaramaz pişeleriň ilkinjileriniň hatarynda çilimkeşligi aýratyn belläp bolar.

Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň ýakynda geçirilen mejlisi bu mesele babatynda ýene bir ýola çynlakaý oýlanmaga, bagtyýar nesillerimizi ýaramaz pişelerden, şol sanda çilimkeşlikden gorap saklamaga bolan borjumyzy has artdyrýar. Mejlisde döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan çilimkeşlige garşy hemişe ýiti göreş alyp bardy we bu göreşi geljekde hem dowam etdirer. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2011-nji ýylda Türkmenistanyň temmäkiniň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça borçnamalary öz üstüne alyp, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Temmäkä garşy göreşmek boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna goşulandygyny aýratyn nygtamak gerek. Şeýle hem 2013-nji ýylyň dekabrynda «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Geçen ýylda bolsa «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Şulardan görnüşi ýaly, ýurdumyzda sagdyn jemgyýeti kemala getirmek, ilatyň saglygyny goramak, ýaş nesliň zyýanly endiklerden daşda durmagyny gazanmak, olaryň bagtyýar geljegini üpjün etmek bilen bagly işler hemişe döwletiň üns merkezindedir.

Gadam HEMRAÝEW,
welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.