"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Madridiň «Re­al» to­pa­ry­ny kim tür­gen­leş­di­rer?

«7/24. tm» № 49 (184) 27.11.2023 Meş­hur fran­suz oýun­çy­sy we tä­lim­çi­si Zi­ne­din Zi­dan, tak­my­nan, iki ýa­rym ýyl bä­ri hiç bir to­pa­ra tä­lim­çi­lik et­me­di. Ýö­ne hyz­mat­daş­lyk ba­ra­da «Mar­se­liň» tek­li­bi­ni ret eden Zi­dan üçin ýa­kyn­da geň-taň tä­ze­lik ýü­ze çyk­dy. Is­pa­ni­ýa­nyň met­bu­ga­tyn­dan al­nan ha­bar­la­ra gö­rä, «Re­al» to­pa­ry hä­zir­ki tä­lim­çi­si Kar­lo An­çe­lot­ti bi­len şert­na­ma­sy­ny uzalt­man, öň­ki tä­lim­çi­si Zi­ne­din Zi­da­nyň gel­me­gi­ni me­ýil­leş­dir­ýär.

Dzýu­do. Azi­ýa çem­pio­na­ty­nyň me­dal­la­ry

«7/24. tm» № 49 (184) 27.11.2023 Türk­me­nis­tan­ly dzýu­do­çy­lar Daş­kent­de ýet­gin­jek­le­riň ara­syn­da ge­çi­ri­len Azi­ýa çem­pio­na­tyn­da iki me­dal ga­zan­dy­lar. Iki gün do­wam eden bu ýa­ryş­da goý­lan 16 top­lum baý­rak ug­run­da 15 ýurt­dan 181 (103 er­kek we 78 ze­nan) päl­wan bäs­leş­di.

Agyr atletika. Dünýä çempionatynda netijeli çykyş etdiler

«7/24. tm» № 49 (184) 27.11.2023 Ge­çen hep­dä­niň ahy­ryn­da Mek­si­ka­dan hoş ha­bar ge­lip go­wuş­dy. Dost­luk­ly döw­le­tiň Gwa­da­la­ha­ra şä­he­rin­de ge­çi­ri­len agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça ýaş­la­ryň ara­syn­da­ky dün­ýä çem­pio­na­tyn­da türk­men tür­gen­le­ri 9 me­dal ga­zan­dy­lar. Ola­ryň 2-si bol­sa al­tyn me­dal­dyr.

Türkmenistanda Kuraş boýunça dünýä çempionaty açyldy

25-nji noýabrda paýtagtymyzda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy geçirildi. «Kuraş boýunça dünýä çempionaty dünýä metbugatynda» ady bilen geçirilen halkara mediaforum Halkara kuraş assosiasiýasynyň, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Milli Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçylaryny, ýurdumyzyň we dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini bir ýere jemledi. Onuň barşynda dünýä birinjiligini geçirmäge degişli düzümleriň taýýarlygy, şu ýylyň möhüm ýaryşyna Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň taýýarlyk derejesi barada žurnalistlere maglumat berildi. Mediaforumda Aşgabatda geçirilýän çempionatyň heniz başlamanka, halkara köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly gyzyklanma döredendigi bellenildi.

Kuraş — 2023: Sport baýramçylygynyň açylyş dabarasy geçiriler

Şu gün — 25-nji noýabrda gözel paýtagtymyzda geçirilýän Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy bolar. Dabara Olimpiýa şäherçesindäki Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda ýaýbaňlandyrylar. Watanymyzda guralýan sport baýramçylygyna dünýäniň 50-den gowrak ýurdundan 500-e golaý wekiliň gatnaşyp, munuň Kuraş boýunça dünýä çempionatlarynyň taryhynda rekord görkeziji hökmünde hasaba alnandygyny bellemek gerek. Dünýä çempionatynyň myhmanlary üçin türgenleşmek üçin şertler bilen birlikde, paýtagtymyz Aşgabadyň we Arkadag şäheriniň gözel ýerleri bilen tanyşmaga giň mümkinçilik döredildi.

Kuraş — 2023: Halkara media forum geçirildi

Şu gün — 25-nji noýabrda paýtagtymyzda geçirilýän Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň çäklerinde «Sport» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda «Kuraş boýunça dünýä çempionaty — dünýä metbugatynda» atly halkara media forum geçirildi. Onuň dowamynda ajaýyp sport baýramçylygyna görülen taýýarlyk we ony köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan etmek bilen baglanyşykly amala aşyrylan işler tanyşdyryldy. Media forumda çykyş edenler dünýä çempionatyna görülen taýýarlyk işler barada giňişleýin habar berdiler. Halkara Kuraş Assosiasiýasynyň prezidenti Haider Farmanyň çykyşynda Aşgabatda geçirilýän dünýä çempionatynyň guramaçylyk derejesine ýokary baha berlip, türkmen paýtagtynyň döwrebap mümkinçilikleri, häzirki zaman sport desgalary barada aýratyn bellenildi. Halkara Kuraş Assosiasiýasynyň Baş sekretary Reza Nasseriniň çykyşy bu gezekki dünýä çempionatyna gatnaşýan ýygyndy toparlaryň taýýarlygyna bagyşlandy.

Ak şäherimiz — sportuň we dostlugyň ruhunda

Düýn Kuraş boýunça dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen daşary ýurtly myhmanlaryň paýtagtymyzdaky muzeýlere gezelençleri guraldy. Olar Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine we Şekillendiriş sungaty muzeýine baryp gördüler.

Ýeňişleriň hataryndan nyşan türkmen alabaýy!

Şu gün açylyş dabarasy geçiriljek Kuraş boýunça dünýä çempionaty, heniz başlanmanka, käbir aýratynlyklary bilen sport jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekdi. Şol aýratynlyklaryň biri-de onuň resmi nyşanydyr. Nyşanyň merkezinde ýene-de türkmen alabaýy orun aldy. Şeýlelikde, eýýäm ýurdumyzda geçirilýän üçünji iri sport baýramçylygynyň nyşanyny bezän alabaý türgenleri ýeňişlere ruhlandyrýar. Mundan alty ýyl ozal Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşany hökmünde saýlanyp alnan Wepaly atly alabaý, sözüň doly manysynda, türgenlerimiziň ýeňişleriniň uzyn hataryna sebäp bolupdy. Aşgabat Aziadasynda türkmenistanly türgenleriň iň ýokary netijäni gazanyp, medallaryň 245-sine mynasyp bolandygy ýadyňyzdadyr. Hormatyna diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýanyň iň iri sport toplumy bolan Olimpiýa şäherçesiniň esasy girelgeleriniň birinde heýkel dikilen alabaý şondan soň ýurdumyzda geçirilýän iri sport ýaryşlarynyň esasy alamatyna öwrüldi. 2018-nji ýylda Aşgabatda geçirilen, nyşanynda türkmen alabaýyna orun beren Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty ýurdumyzyň ilkinji gezek kabul eden dünýä çempionaty boldy.

Ilkinji täsirler

Ady Ginnesiň rekordlar kitabyna telim ýola girip, ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň torundan orun alan Aşgabat. Oňa gelip görmegiň we sportuň we sagdynlygyň ýurdunda — Türkmenistanda geçirilýän dünýä çempionatyna gatnaşmagyň ilkinji täsirleri. Şu günler paýtagtymyza jahanyň çar künjünden gelýän myhmanlarda bu täsirleri beýan edere söz kän. Olar ajaýyp Aşgabada gelip görmegiň, dünýä çempionatyna gatnaşmagyň özüni uly bagt hasaplaýarlar. Düýn Olimpiýa şäherçesinde myhmanlaryň käbiri bilen söhbetdeş bolup, olarda dörän ilkinji täsirler baradaky gürrüňlerini diňledik. Iliçbek DAÝKANOW,Gyrgyz Respublikasynyň erkekler ýygyndysynyň baş tälimçisi:

Sport baýramynyň şowhuny

Şu günler Aşgabadyň ajaýyp köçelerini bezeýän ýazgylarda ýetip gelýän Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň şowhuny aýdyň beýanyny tapýar. Elbetde, çempionatyň diýseň ýokary guramaçylyk derejesi soňky ýyllarda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde möhüm sport merkezleriniň birine öwrülen Aşgabadyň sport mümkinçilikleriniň dabaralanmasydyr. Ýaryşa gatnaşyjylaryň sany boýunça rekord görkezijiniň bellige alnandygy hakyndaky hoş habar hem sport ýurdy hökmünde uly abraýa eýe bolan Diýarymyzyň iň iri sport baýramçylyklaryny guramakdaky hem-de geçirmekdäki tejribesiniň halkara derejesindäki ykrarnamasydyr.

Şöhratly ýeňişleriň desgasy

Sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň sport desgalary yklym we dünýä derejesindäki iri ýaryşlary üstünlikli geçirmek üçin ähli mümkinçiliklere eýedir. Paýtagtymyzyň gözel künjegine bezeg berip oturan Başa-baş söweş sungaty sport toplumy Kuraş boýunça dünýä çempionatyny ýokary derejede geçirmek üçin iňňän oňaýly sport desgasydyr. Halkara sport baýramçylygynyň esasy sahnasyna öwrüljek desgada tomaşaçylaryň birbada 5 müňden gowragyna ýaryşlardan lezzet almaga şert döredildi. Bu ýerde mümkinçiligi çäkli adamlar üçin hem ýerleriň göz öňünde tutulmagy «Sport hemmeler üçin!» diýen ýörelgä laýyk gelýär. Desgada metbugat we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň işlemegi üçin ýörite zal, naharhana, mejlisler zaly, türgenler we eminler üçin niýetlenen geýim çalşyrylýan otaglar, döwrebap fitnes merkezi, iş we tehniki otaglar bar.

Meýletinçi ýardamçylaryň taýýarlygy

Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde ýaýbaňlandyrylan Kuraş boýunça dünýä çempionatyny ýokary derejede geçirmek üçin giň gerimli taýýarlyk işleri alnyp baryldy. Halkara ýaryşlary yzygiderli geçirip gelýän ýurdumyzda her bir sport baýramçylygynyň mynasyp derejede guralmagyna ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryndan düzülen meýletinçi ýaşlar hem mynasyp goşant goşýarlar. Dünýä çempionatyna taýýarlygyň çäklerinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň bilelikde işläp düzen meýilnamasy esasynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlaryň 310-sy meýletinçiler hökmünde taýýarlanyldy.

Aziýanyň merjen şäheri AşgabatKuraş boýunça dünýä çempionatyny kabul edýär

Ajaýyp sport baýramçylygyna ýokary taýýarlykly gelen gözel paýtagtymyza Kuraş boýunça dünýä çempionaty mübärek gadamyny goýdy. 23 – 28-nji noýabr aralygynda dünýäniň ünsüni özüne çeken Aşgabadyň şaýollarynydyr köçelerini bezeýän ýazgylarda abraýly halkara ýaryşyň şowhuny giňişleýin şöhlelenýär. Türkmen we iňlis dillerinde «Kuraş boýunça dünýä çempionatyna hoş geldiňiz!» diýen ýazgylar bilen bezelen nyşanlardyr bannerler paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň we beýleki gözel ýerleriniň görküne görk goşýar. Munuň özi soňky ýyllarda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalarynyň netijesinde dünýäniň möhüm sport merkezleriniň birine öwrülen Aşgabadyň mümkinçilikleriniň dabaralanmasydyr. Myhmanlar üçin amatly şertler

Çykyşlaryňyz üstünliklere beslensin!

Kuraş boýunça milli ýygyndy toparymyz ýurdumyzda geçirilýän dünýä çempionatyna ýokary derejede taýýarlykly geldi. 23-nji noýabrda ýaşuly nesliň wekilleri paýtagtymyzdaky «Türgenler» myhmanhanasynda türgenlerimiz we tälimçilerimiz bilen duşuşyp, olara ak pata berdiler. Her bir işde ýaşululara geňeşmek, olaryň pent-nesihatlaryna eýermek halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän asylly ýörelgesidir. Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň badalga alan gününde il sylagly ýaşulularyň we mährem eneleriň milli ýygyndymyzyň türgenleri bilen duşuşyp, olara pent-nesihatlaryny bermegi we ýagşy dilegler etmegi hem asylly ýörelgelerimiziň dowamat dowam bolýandygynyň nyşanyna öwrüldi.

Sport, işewürlik, hyzmatdaşlyk

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň aladasy bilen ýurdumyzda sport ulgamyny has-da kämilleşdirmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Türgenlerimiz dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilýän halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, Watanymyzyň sport abraýyny artdyrýarlar. Diýarymyzda halkara derejesindäki iri ýaryşlaryň, şol sanda dünýä çempionatlarynyň yzygiderli geçirilmegi jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna ýardam edýär. Dünýä tejribesiniň görkezişi ýaly, hususy işewürlik bilen hyzmatdaşlyk aýry-aýry türgenleriň hem, toparlaryň hem üstünlige ýetmeginiň möhüm şerti bolup durýar. Beýleki bir tarapdan seredeniňde, ýokary netijeleri gazanýan türgenler ýa-da toparlar, şeýle hem halkara ýaryşlar bilen hyzmatdaşlyk telekeçileriň öndürýän önümleriniň ýa-da ýerine ýetirýän hyzmatlarynyň meşhurlygynyň artmagyna, ýagny haryt nyşanynyň bazardaky ornuny berkitmegine öz täsirini ýetirip bilýär.

Kalbymyz buýsanja beslenýär

Şu günler gözel paýtagtymyz Aşgabat ýetip gelen abraýly sport ýaryşynyň – Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň baýramçylyk ruhuna beslendi. Daş-töwereklerini bag-bakja bezeýän şaýollarymyzdyr köçeleriň ugrunda türkmen hem iňlis dillerindäki: «Kuraş boýunça dünýä çempionatyna hoş geldiňiz» ýazgylara, bannerlerdir nyşanlara gözüň düşende, kalbyň aýratyn ýakymly hem buýsançly duýgulara beslenýär. Dünýä çempionatyna türkmen türgenleri ýokary derejeli taýýarlykly geldiler. Ýeri gelende bellesek, bu ýaryşda Türkmenistana 15 türgen wekilçilik eder. Milli ýygyndymyzyň agzalary üçin dünýä çempionatyna taýýarlanmak babatda ähli mümkinçiliklerdir şertler döredildi. Olaryň Aşgabat, Arkadag we Türkmenabat şäherlerinde, şeýle hem Gyrgyzystanyň Yssyk-Köl welaýatynda okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçendiklerini bellemelidiris. Nobatdaky iri sport baýramçylygynda hem türgenlerimiz sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy bolan Türkmenistanyň sport abraýyny gorap, watansöýüjiligiň hem-de ussatlygyň ajaýyp nusgasyny görkezerler.

Dabaraly pursatlar

Türkmen paýtagty ýene bir iri sport baýramyny – Kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionatyny kabul edýär. Baýramçylyk ruhy ak mermerli Aşgabadyň ähli künjegini gurşap aldy. Ajaýyp Olimpiýa şäherçesi bolsa diňe bir daş-töwerege aýratyn öwüşgin çaýýan nyşandyr mowzuklar, bannerler bilen däl-de, eýsem, her gün guralýan dabaraly çäreler bilen göwnüňi göterýär. Kuraş göreşi başa-baş söweş sungatynyň gadymy görnüşleriniň biri bolup, asyrlaryň dowamynda toýdur baýramlaryň bezegi hasaplanypdyr. Her bir güni bagtyýarlyga beslenýän Diýarymyzyň paýtagtynda ýaýbaňlandyrylan Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň hem ýokary ruhubelentlikde geçmegi sportuň bu görnüşiniň asylly ýörelgelerine kybap gelýär. Bu gün bolsa soňky ýyllarda meşhurlygy barha artýan kuraş boýunça iň güýçli türgenler paýtagtymyzda jemlenip, dünýä çempionatynyň medallary ugrunda göreşe girişmäge taýýarlanýar.

Dünýä çempionatynyň medallary

Meksikanyň Gwadalahara şäherinden gelip gowşan hoş habarda türkmen agyr atletikaçylarynyň şol ýerde jemlenen ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynyň medallaryna mynasyp bolandygy buşlanylýar. Gaýgysyz Töräýew 81 kilogram agram derejesinde çykyş etdi. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby ştangany silterläp galdyrmakda 151 kg netije görkezip, altyn medal gazandy. Itekläp galdyrmakda 184 kilogram agyrlygy galdyrmagyň hötdesinden geldi. Zehinli türgeniň bu netijesi oňa kümüş medal getirdi. Onuň iki görnüşiň jemi boýunça boýun egdiren 335 kilogram netijesi zehinli türkmen türgeniniň ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatyň kümüş medalyna mynasyp bolandygyny mälim etdi.

Dostlugyň we bagtyýarlygyň baýramy

Nurana gelejegimiziň eýeleri hökmünde belent ynam bildirilýän ýaşlar hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda dürli ýurtlardaky deň-duşlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny yzygiderli pugtalandyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy bilen, 16 — 18-nji noýabr aralygynda Mary şäherinde ýokary derejede geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumy hem bu babatda täze mümkinçilikleriň binýadyny goýan ähmiýetli çärä öwrüldi. Köpugurly forumyň çäklerinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dürli ugurlarda tapawutlanýan zehinli ýaşlara Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyny gowşurmak dabarasynyň geçirilmegi özboluşly many-mazmuna eýe bolup, hormatly Prezidentimiziň aladasy bilen ýurdumyzda ýaşlar üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigini, olaryň ukyp-başarnyklaryna, hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmegine uly ähmiýet berilýändigini görkezdi. Bu baýraga mynasyp bolan ýaşlaryň arasynda Alp Arslan Begenjow, Zyýamuhammet Saparow, Baýry Baýryýew, Jemal Owlýakulyýewa ýaly halkara ýaryşlardaky ýeňişleri bilen begendirýän türgenlerimiziň hem bolmagy Diýarymyzda sporta we bedenterbiýä berilýän ýokary ünsüň nyşanydyr. Çünki bedenterbiýe we sport ählitaraplaýyn kämil nesli kemala getirmegiň esasy serişdeleriniň biridir.

Kubok bäsleşigi

Ýakynda zenanlaryň arasynda gandbol boýunça ýurdumyzyň Kubogy ugrunda ýaryş geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň sport zalynda guralan bäsleşige paýtagtyň we welaýatlaryň ýygyndy toparlary gatnaşdy. Ýaryşda Aşgabat şäheriniň ýygyndy topary ýeňiji boldy. Balkan welaýatynyň ýygyndysy ikinji, Lebap welaýatynyň ýygyndysy üçünji orunlary eýelediler.