Türkmenistanda Kuraş boýunça dünýä çempionaty açyldy

26 Noýabr 2023
372

25-nji noýabrda paýtagtymyzda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy geçirildi.

«Kuraş boýunça dünýä çempionaty dünýä metbugatynda» ady bilen geçirilen halkara mediaforum Halkara kuraş assosiasiýasynyň, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Milli Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçylaryny, ýurdumyzyň we dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini bir ýere jemledi. Onuň barşynda dünýä birinjiligini geçirmäge degişli düzümleriň taýýarlygy, şu ýylyň möhüm ýaryşyna Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň taýýarlyk derejesi barada žurnalistlere maglumat berildi. Mediaforumda Aşgabatda geçirilýän çempionatyň heniz başlamanka, halkara köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly gyzyklanma döredendigi bellenildi.

TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.