Kuraş — 2023: Halkara media forum geçirildi

25 Noýabr 2023
451

Şu gün — 25-nji noýabrda paýtagtymyzda geçirilýän Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň çäklerinde «Sport» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda «Kuraş boýunça dünýä çempionaty — dünýä metbugatynda» atly halkara media forum geçirildi. Onuň dowamynda ajaýyp sport baýramçylygyna görülen taýýarlyk we ony köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan etmek bilen baglanyşykly amala aşyrylan işler tanyşdyryldy.

Media forumda çykyş edenler dünýä çempionatyna görülen taýýarlyk işler barada giňişleýin habar berdiler. Halkara Kuraş Assosiasiýasynyň prezidenti Haider Farmanyň çykyşynda Aşgabatda geçirilýän dünýä çempionatynyň guramaçylyk derejesine ýokary baha berlip, türkmen paýtagtynyň döwrebap mümkinçilikleri, häzirki zaman sport desgalary barada aýratyn bellenildi. Halkara Kuraş Assosiasiýasynyň Baş sekretary Reza Nasseriniň çykyşy bu gezekki dünýä çempionatyna gatnaşýan ýygyndy toparlaryň taýýarlygyna bagyşlandy.

«Watan».