Ýeňişleriň hataryndan nyşan türkmen alabaýy!

25 Noýabr 2023
662

Şu gün açylyş dabarasy geçiriljek Kuraş boýunça dünýä çempionaty, heniz başlanmanka, käbir aýratynlyklary bilen sport jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekdi. Şol aýratynlyklaryň biri-de onuň resmi nyşanydyr. Nyşanyň merkezinde ýene-de türkmen alabaýy orun aldy. Şeýlelikde, eýýäm ýurdumyzda geçirilýän üçünji iri sport baýramçylygynyň nyşanyny bezän alabaý türgenleri ýeňişlere ruhlandyrýar.

Mundan alty ýyl ozal Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşany hökmünde saýlanyp alnan Wepaly atly alabaý, sözüň doly manysynda, türgenlerimiziň ýeňişleriniň uzyn hataryna sebäp bolupdy. Aşgabat Aziadasynda türkmenistanly türgenleriň iň ýokary netijäni gazanyp, medallaryň 245-sine mynasyp bolandygy ýadyňyzdadyr. Hormatyna diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýanyň iň iri sport toplumy bolan Olimpiýa şäherçesiniň esasy girelgeleriniň birinde heýkel dikilen alabaý şondan soň ýurdumyzda geçirilýän iri sport ýaryşlarynyň esasy alamatyna öwrüldi. 2018-nji ýylda Aşgabatda geçirilen, nyşanynda türkmen alabaýyna orun beren Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty ýurdumyzyň ilkinji gezek kabul eden dünýä çempionaty boldy.