Öý-ojak bilen bagly

25 Awgust 2022
1066

● Ynsanyň özüni iň rahat duýýan ýeri öýüdir. Öýüň agzybirligi, abadanlygy, arassalygy ýaşaýşymyza we saglygymyza oňat täsir edýär. Öýde arassaçylyk düzgünleriniň berk berjaý edilmegi saglyk üçin ilkinji zerurlyklaryň biri. Şonuň üçin öýde zyýanly wiruslara we bakteriýalara garşy zyýansyzlandyryş işlerini wagtly-wagtynda geçirip durmaly.

● Otaglar we öý goşlary arassalananda, sabynly çyg esgini ulanmak maslahat berilýär. Esasan hem, gapy tutawaçlary, tok düwmeleri, aşhanadaky esbaplar, gulplar, stollar, hajathana we hammam ýaly, öýüň içinde köp ulanylýan we galtaşylýan ýerleri yzygiderli arassalap durmak has wajypdyr.

Taýýarlan Leýla HYDYROWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy.