Ýurdumyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşjak ýaşlary kemala getirmek möhüm meseleleriň biri bolup durýar. Şu maksat bilen hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde bilimli, terbiýeli, aň-düşünjeli, beden we ruhy taýdan sagdyn nesli kemala getirmek üçin üstünlikli işler amala aşyrylýar.
Sagdyn pikirli her bir ýaş nesliň jemgyýete goşulmagy üçin, ilkinji nobatda, olarda kämillige ymtylyşy, üstünlige eltýän dogry ýoly, halallygy we päkligi terbiýelemek möhümdir. Has dogrusy, ol maşgalada çaganyň dünýä inen gününden başlanmalydyr. Çaga terbiýesinde ata-enäniň orny uly bolup, ilki olaryň özleri perzendine görelde bolmalydyr. Şonuň üçin her bir ata-ene şu meselä çynlakaý çemeleşmelidir we perzentlerinde jogapkärçiligi, dogruçyllygy we ahlak arassalygyny kemala getirmelidir.