Ýaşlaryň telekeçiligi — ykdysady innowasion ösüşlere badalga

28 Iýul 2022
1102

Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän durmuş-ykdysady özgertmeleri, halk hojalyk toplumynyň işine bazar gurallarynyň hem-de ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň ykdysady taýdan okgunly ösmegine itergi berdi. Ýurdumyzda bäsdeşlige ukyply ýagdaý emele geldi, telekeçilik işjeňligi ýüze çykdy, telekeçiligi guramagyň hem-de hyzmatlary etmegiň häzirki zaman usullary kemala geldi. Döwletimiziň ykdysady ösüşiniň aýrylmaz düzüm bölegi bolan telekeçilik Türkmenistany demokratik hem-de durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýoly bilen has-da öňe ilerletmek üçin ägirt uly mümkinçiligi özünde jemleýär. Ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmagyň strategiýasy ähli pudaklara iň täze tehnologiýalary we öňdebaryjy dolandyryş usullaryny ornaşdyrmaga, bazar gatnaşyklaryna tapgyrma-tapgyr geçmäge, hususy telekeçiligi giňden goldamaga esaslanýar.

Arkadagly Serdarymyz ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitledi. Bu ugurda zehinli ýaşlar, ýaş maşgalalar, ýaş alymlar, ýaş hünärmenler we telekeçiler döwletimiz tarapyndan aýratyn goldaw bilen gurşalýar. Ykdysadyýetiň häzirki zaman ösüş şertlerinde ýaşlaryň gujur-gaýratynyň telekeçilik işjeňligine gönükdirilmeginiň ähmiýeti ählumumy ykrar edilýär. Dünýäniň ykdysady taýdan ösýän islendik döwletiniň mysalynda alanyňda, telekeçilik esasy hereketlendiriji güýç hökmünde çykyş edýär. Şu nukdaýnazardan, ýaşlaryň telekeçiliginiň ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenilmegi işewürlikde işjeň orny eýelemäge ukyply, erjel, döwrebap pikirlenýän telekeçileriň täze ýaş nesliniň kemala gelmegine, kiçi we orta telekeçiligiň innowasion häsiýetde ösdürilmegine, ýurduň maýa goýum çekijiliginiň ýokarlanmagyna, täzeçil pikirlenmeleriň, döredijilikli oýlap-tapyşlaryň artmagyna mümkinçilik berýändigi bilen düşündirilýär.

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň baş hünärmeni.