Türkmeniň ak öýi — döwletlilik ojagy

24 Iýun 2021
877

Halkymyzyň keramat hasaplap, gözüniň göreji ýaly gorap gelen gymmatlyklarynyň arasynda öý-ojak mukaddesligi her bir ynsanyň, her bir maşgalanyň buýsanjy, mertebesi. Öý — Watanyň başlanýan hem maşgalanyň bir ýere jem bolýan ýeri. Türkmen halky «Öýe o:t girdi, gut girdi» diýip, öý-ojakly bolmagyň gymmatyny ezizläpdir. Ak öýüň töründe, ody alawlaýan ojagyň başynda halkymyz döwre gurap, il-ýurt ähmiýetli meseleleri çözüpdir. Bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzyň welaýatlarynda bina edilýän döwrebap «Türkmeniň ak öýi» binalary hem bu günki gün halkymyzyň milli gymmatlyklaryny sarpalaýandygynyň, oňa ýaşaýyş-durmuşynyň aýrylmaz bölegi hökmünde garaýandygynyň alamatydyr. Öňňin, ýagny 23-nji iýunda Lebap welaýatynda uly ruhubelentlik bilen geçirilýän Medeniýet hepdeligi mynasybetli Türkmenabat şäheriniň iň gözel künjeginde «Türkmeniň ak öýi» binasynyň açylyş dabarasy boldy.

Binanyň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz onuň bezeginiň aýratynlyklary hem-de umumy milli we halkara ähmiýetli dürli çäreleri, baýramçylyk dabaralaryny geçirmek üçin bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşdy. Bu bina halkymyzyň milli däpleriniň özboluşlylygyny, bezeg aýratynlygyny özünde jemlemek bilen, häzirki zamanyň ösen binagärlik-gurluşyk şertlerine hem doly laýyk gelýär. Onda dürli maksatly otaglar bilen birlikde haly gölleri, türkmen ak öýüne mahsus bolan bezeg usullary ulanylyp, dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň akustiki ulgamlary we beýleki zerur enjamlary bilen üpjün edilen tomaşalar jaýy ýerleşýär. Binanyň ýanaşyk ýerlerinde bolsa pürli we bezeg agaçlarynyň köp sanlysy oturdylyp, doly abadanlaşdyrylypdyr. Bu giň gerimli taslamanyň amala aşyrylmagy türkmen halkynyň özüniň taryhy-medeni mirasyna aýawly garaýandygynyň, döwürleriň arabaglanyşygynyň dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Ýazbibi ANNAGURBANOWA,
«Edebiýat we sungat».