Waspyň dilde dessan, Arkadagly Türkmenistan!

24 Iýun 2021
890

Welaýatymyzyň ähli künjegini toý lybasyna beslän Medeniýet hepdeliginiň ikinji gününde welaýat kitaphanasynda ýurdumyzyň kitaphana işgärleriniň gatnaşmaklarynda «Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynda Garaşsyzlyk döwründe ýetilen sepgitler» atly sanly ulgam arkaly maslahat geçirildi. Onda kitaphana işgärleriniň Gahryman Arkadagymyzyň kitaphana işini guramakdaky alyp barýan döwlet syýasaty, kitaphana işinde döwrebap innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň häzirkizaman talaplary, kitaphanalaryň resmi saýtlarynyň işi, olary guramak we alyp barmak baradaky eden çykyşlary çuňňur many-mazmuna beslendi.

Onlaýn maslahatyň dowamynda oba kitaphanalarynyň işlerini talabalaýyk guramakda we ösdürmekde usuly kömek bermek boýunça amala aşyrylýan işler dogrusynda hem gürrüň edildi. Ýurdumyzyň beýleki welaýatlaryndan gelen kitaphana işgärleri oba kitaphanalarynyň şahamçalarynyň hünärmenleri bilen özara pikir alyşdylar we özleriniň baý tejribelerini paýlaşdylar.

Bahar JUMANAZAROWA,
ýörite habarçymyz.