Aşgabat — dost-doganlygyň paýtagty

26 Maý 2021
907

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy giňden bellenilýän şu ýylda Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň şanly 140 ýyllygy aýratyn ähmiýete eýedir. Bu, ozaly bilen, Aşgabadyň dost-doganlygyň, hoşniýetliligiň, myhmansöýerligiň we ynsanperwer ýörelgeleriň dabaralanýan paýtagty hökmünde giňden ykrar edilmegi bilen baglanyşyklydyr. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda Aşgabat şäheriniň güni hem-de ak şäherimiziň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk şanly baýramy bilen utgaşyp gelen 2020 — 2021-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy we bilimler dünýäsinde täze belent maksatlara ruhlandyrýan «Soňky jaň» dabarasynyň geçirilen gününde Söwda-senagat edarasynda «Ak şäherim Aşgabat» atly XX köpugurly halkara sergisiniň we onuň çäklerinde dizaýnerleriň arasynda binagärlik bäsleşiginiň guralmagy, 25-nji maýda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň demirgazygynda «Aşgabat-siti» iri ýaşaýyş toplumynyň düýbüni tutmak dabarasynyň hem-de Çoganly ýaşaýyş toplumynda iki gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 140 sanysynyň açylyş dabarasynyň guralmagy, baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary bilen, hormatly Prezidentimize «Aşgabat şäheriniň hormatly raýaty» diýen adyň berilmegi, bu şanly sene mynasybetli ýurdumyzyň raýatlarynyň Türkmenistanyň ordenleri we medallary bilen sylaglanmaklary, olaryň bir toparyna Türkmenistanyň hormatly atlarynyň dakylmagy toý dabaralarynyň şatlyk-şowhunyny has-da artdyrdy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli pähim-paýhasy, taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, Aşgabat şäherinde-de toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň sözleri bilen aýtsak, Aşgabat şäheriniň bina edilmegi türkmen halkynyň döwletlilik, berkararlyk babatda köpasyrlyk arzuwlarynyň hasyl bolandygyny aýdyň görkezýär. Aşgabat ýurdumyzyň bedew batly ösüşleriniň gözbaşydyr. Bular barada 24-nji maýda hormatly Prezidentimiziň geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde aýdyldy. Ak mermerli paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllyk şanly baýramyna bagyşlanan mejlisde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere-de garaldy.

Serdar MYRADOW,
«ESGER».