Umytly arzuwlar — maksatly menzillere

26 Maý 2021
1692

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny pugtalandyrmak ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Şeýle işleriň hatarynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebini tamamlaýan, geljege uly umyt bilen gadam basmaga taýyn uçurymlar üçin «Soňky jaň» dabarasynyň uly şatlyk-şowhun bilen geçirilendigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Bu waka mähriban uçurymlarymyz üçin hakykatdan hem ýatdan çykmajak günleriň biri boldy. Çünki bu ýyl «Soňky jaň» dabarasy ak mermere beslenen Aşgabat şäherimiziň 140 ýyllyk baýramy bilen utgaşdy.

Biziň her birimiz üçin mähriban Diýarymyzyň eziz topragy, gözel paýtagtymyz bahasyna ýetip bolmajak mirasdyr we gymmatlykdyr, olary geljekki nesillere ýetirmek bolsa biziň mukaddes borjumyzdyr. Bu borjy tüýs ýürekden ýerine ýetirmegi maksat eden bagtyýar harby okuwçylar Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň nyzam meýdançasynda başlaryny belent tutup, öz saýlap alan hünärlerine ygrarly bolmak bilen, mundan beýläk hem Watanymyzyň asudalygyny, halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda özleriniň mynasyp goşantlaryny goşjakdyklaryna ynandyrdylar.

Nabat NURGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň psihology, maýor.