Baýramçylyk joşguny

21 Maý 2021
881

Öňňin paýtagtymyzda ýerleşýän Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň maslahatlar zalynda Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli yglan edilen «Arkadagyň ak şäheri — Aşgabat» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. «Aşgabat» gazetiniň redaksiýasynyň, Aşgabat şäher häkimliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen bu bäsleşik şu ýylyň başynda, hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda bu şanly sene mynasybetli geçirilýän çäreleriň çäklerinde yglan edildi.

Dabarada edilen täsirli çykyşlar aýdym-sazlar bilen utgaşdy. Soňra dabaraly ýagdaýda diýseň gyzgalaňly häsiýete eýe bolan bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi. Aşgabadyň ýeten belent sepgitleri, gazanan üstünlikleri barada gürrüň berýän iň oňat makalalaryň tapgyrynda Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri A.Işbaýewa, Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkeziniň energetikleriň kärdeşler arkalaşygy guramasynyň utgaşdyryjysy, geňeşiň başlygy J.Garajaýew, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy A.Orazow ýeňiji boldular. Paýtagtymyzy wasp edýän iň oňat goşgular tapgyrynda Medeniýet ministrliginiň döredijilik bölüminiň hünärmeni A.Rejebow, Aşgabadyň häzirki zaman keşbini, gözel künjeklerini beýan edýän iň oňat fotosuratlar tapgyrynda «Aşgabat» gazetiniň fotohabarçysy A.Müllikow ýeňiji boldular. Ýeňijilere Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Ýörite habarçymyz.