Ussat kinorežissýor

21 Maý 2021
884

Ýagşy ynsanlary ýagşylykda ýatlamak ynsanyň tebigatyna mahsus häsiýet. Aýratynam, öz kärinde ussatlyga ýeten ynsany ýatlamak. Döredijilik adamy bolsaň-a, geçen durmuş ýoluňa täsir eden adamy — ussady ýatlamak has hem ýakymly. Sebäbi teatr, kino sungatynda üstünlik gazanmagyň onlarça adamlara, aýratyn hem halypalaryňa, kärdeşleriňe bagly bolýandygyny hökman bilmek we bellemek gerekmikä diýýärin. Islendik sahna eseri ýa-da kino eseri bolsun, tapawudy ýok, ol birnäçe sungatlary birikdirip bitirilýän eser bolýar. Şeýle-de bolsa, onda režissýoryň işi şol sungatlary biri-birine nepis baglap, zergäriň zynjyr düzüşi deý bir sapaga düzmekde bolýar eken. Ol bolsa ussatlardan tälim alan režissýorlara başardýan irnik iş we zähmetden başga-da kän başarnygy talap edýän iş.

Ýagşylykda ýatlanylmaga mynasyp şeýle režissýorlaryň biri hem Türkmenistanyň at gazanan artisti Muhammet Söýünhanowdyr. Aktýor hökmünde-de bu halypa režissýory diňe bir kinodyr teatr işgärleri däl, eýsem, kino muşdaklary hem ýagşylykda ýatlaýarlar. Her bir döredijilik işgäri öz döreden eserleri bilen halkyň aňynda galýar we ýatlanylýar.

Batyr ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş dramateatrynyň artisti