Toý dabaralarynyň şowhuny

21 Mart 2021
1232

Ahal welaýat Ýörite sungat mekdebinde geçirilen baýramçylyk konserti Milli bahar baýramyna — Halkara Nowruz gününe bagyşlandy. Ýörite sungat mekdebi tarapyndan guralan konserte talyp ýaşlar, mugallymlar hem-de aýdym-saz sungatynyň muşdaklary gatnaşdy.

Konsertiň açylyş dabarasynda Milli bahar baýramy mynasybetli gutlaglar aýdylyp, ýagşy arzuwlar beýan edildi. Onda çykyş edenler milli toýlary giňden belläp geçmäge ajaýyp mümkinçilikleri döredýändigi, şeýle-de milli sungatymyzyň ösüşine uly üns berýändigi üçin Gahryman Arkadagymyzyň adyna ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.