Ynanyşmak — asudalygyň açary

13 Mart 2021
943

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletimiziň alyp barýan içeri hem-de daşary syýasaty türkmen halkynyň milli ýörelgelerinden, kalbynyň gözelliginden gözbaş alýar. Şu jähetden seredilende, milli Liderimiziň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň kabul eden Kararnamasy bilen 2021-nji ýylyň dünýä derejesinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», milli derejede bolsa «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagynda çuňňur many bar. Çünki parahatçylyk söýüji häsiýeti, birek-birege ynanyşyp ýaşaşmak meýli türkmen halkynyň gadymdan gelýän kalp gözelligidir. Şeýle bolansoň, dünýä döwletlerini birek-birege ynanyşmak arkaly parahat ýaşamaga çagyrýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan, hakykatdan-da, bu hoşmeýilli ýörelgeleriň Watanydyr.

Adamyň gören käbir zady ýa-da eşiden sözi onuň kalbyna juda ýiti täsir edýär-de, ömürboýy ýadyndan çykmaýar. Takmynan, kyrk-kyrk bäş ýyl mundan öň bir kinofilme tomaşa edipdim. Ol kinofilmiň ady hem, haýsy kinostudiýanyň önümidigi hem ýadymdan çykypdyr. Emma şondaky bir kiçiräk görnüş hiç wagt ýadymdan çykanok. Garagum sährasynda türkmeniň ak öýünde bir uly zadyň (müňläp goýun ýa-da bir süri düýe bolmalydy öýdýän) söwdasy gidýärdi. Iki tarap bolup, birsalym çekeleşenlerinden soň, taraplar belli bir bahada ylalaşdylar. Şonda alyjy bolup gelen iki adamyň biri ýantorbasyndan on bäş-on alty bölek edilip, daşlary daňlan kagyz pullary çykardy-da, öý eýelerine uzatdy. Öýdäkileriň iň ýaşulusy pul desseleriniň birini açyp sanady. Onuň dogrudygyny tassyklaýan manyda başyny atyp, galan daňylary açybam oturman, beýlesine geçirdi-de, ýaňky sanan dessesini bir elinde saklap, myhmanlar bilen el alşyp, söwdany bitdi hasap etdi.

Ejegyz ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty.