Il saglygyny nazarlap

8 Fewral 2021
868

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly we öňdengörüjilikli syýasatynyň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagynyň netijesinde saglygy goraýyş ulgamy batly depginler bilen ösdürilýär. Geçen sanlyja ýylyň içinde ýurdumyzda döwrebap halkara saglyk merkezleri, hassahanalar we saglyk öýleri gurlup ulanylmaga berildi. Olar döwrüň ýokary talaplaryna laýyk gelýär, häzirki zaman lukmançylyk enjamlary, işine ussat saglygy goraýyş işgärleri bilen doly üpjün edilýär. Saglygy goraýyş işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerine hem uly üns berilýär. Olara ýaşamak, dynç almak üçin ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary berilýär. Saglygy goraýyş işgärleri hem Gahryman Arkadagymyzyň işlemek, ýaşamak we dynç almak üçin ähli mümkinçilikleri döredýändigine jogap edip, halkymyzyň saglygyny goramakda uly depgin bilen, netijeli zähmet çekýärler.

Ýurdumyzda ýokanç däl keselleriň öňüni almak maksady bilen giň gerimli işler döwlet derejesinde alnyp barylýar. Ýokanç däl keselleriň düzümine howply täze döremeler keselleri girýär. Bu keselleriň garşysyna toplumlaýyn, meýilnamalaýyn pudagara işler utgaşykly alnyp barylýar. Onkologiýa ylmy-kliniki merkezi ilata onkologiýa kömegini bermekde baş edara bolmak bilen öz ugry boýunça ýurdumyzyň umumybejergi ulgamynyň saglygy goraýyş we onkologiýa edaralaryna guramaçylyk-usulyýet hem-de amaly-maslahat kömegini berýär, onkologiýa we serediş otaglaryna bolsa guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk edýär. Onkologiýa YKM-iniň bölümlerinde onkologiýa keselleriniň öňüni almak, kesgitlemek we bejermek boýunça amaly işleri alnyp barylýar. Onkologiýa YKM-iniň amaly işine täze, kämil, häzirki zaman öňüni alyş, kesgitleýiş we bejeriş usullarynyň amaly işe ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Ýylda her bir bölüm amaly işe ornaşdyrylan täze öňüni alyş, kesgitleýiş we bejeriş usullary barada hasabat berýär.

Miwe BERDIMYRADOWA,
Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň direktory.