Yhlasa — myrat

12 Iýul 2024
277

Bereketli Ahal ýaýlasynyň edermen daýhanlary güýzlük däne ýetişdirilen 195 müň gektar meýdandan dokmaňyz ak bugdaýyň 400 müň tonnadan gowragyny ýetişdirip, bu babatdaky şertnamalaýyn borçnamany artygy bilen berjaý etdiler. Gallaçylaryň gazanan ajaýyp zähmet üstünligi durmuşa geçirilýän oba hojalyk özgertmeleriniň oňyn netijesiniň özboluşly dabaralanmasy boldy.

Dänäniň döwlet satyn alyş bahasynyň ýokarlandyrylmagy daýhanlara has yhlasly zähmet çekip, ýokary hasyl ýetişdirmäge itergi berdi. Watan harmanyna ak bugdaýyň 20 müň 100 tonnadan gowragyny goşup, tabşyryga ilkinjileriň hatarynda hötde gelen Gökdepe etrabynyň gallaçylarynyň adyna öwgüli sözleri aýtmak bolar. Olar 10 müň 100 gektarda ýetişdirilen hasyly soňky dänesine çenli ýygnap, sürüm işlerine irki möhletde girişmegi başardylar.

Aýdo ŞEKEROW.
(Öz habarçymyz).