Sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmeklige bagyşlanylan duşuşyk

7 Iýul 2024
235

Saglygy goraýyş ulgamynyň wekilleri bilen Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Biznes reklama» gazetiniň işgärleriniň arasynda köpugurly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna we ony ýerine ýetirmekligiň 2021-2025-nji ýyllar üçin meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň keselleriň öňüni alyş bölüminiň guramagynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen saglygy goraýyş ulgamynda döredilýän giň mümkinçiliklerdir şertleriň ähmiýetini, sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmekligiň wajyplygyny wagyz etmek, ýaş nesliň bagtyýar, ruhubelent, sagdyn bolmagyna gönükdirilen durmuş şertlerini halkymyza dogry düşündirmek, ilatyň saglyk meseleleri boýunça düşünjeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, saglygy goraýyş ulgamynyň wekilleri bilen Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Biznes reklama» gazetiniň işgärleriniň arasynda köpugurly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Gurbanmämmet Rejepow,
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň ilkinji Demokratik partiýa guramasynyň başlygy.