Bagtyýar ýaşlar

29 Maý 2024
330

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli pähim-paýhaslary esasynda ýaş nesliň ylymly-bilimli bolmagy hem-de döwrümize mynasyp ýaşlar bolup kemala gelmegi ugrunda bimöçber işler durmuşa geçirilýär. 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmeginiň, şeýle-de akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde giň gerimli çäreler bilen utgaşmagynyň ýaş nesilleriň mynasyp terbiýelenmeginde uly ähmiýeti bardyr. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň parasatlyk bilen belleýşi ýaly, Magtymguly Pyragynyň döredijiligi halky adalatly jemgyýetiň, bagtly ýaşaýşyň gözbaşynyň nämedigine göz ýetirmäge, bolup geçýän zatlaryň düýp mazmunyna düşünmäge çagyrýar, adamlary paýhaslanmaga, özüne düşünmäge, millet hökmünde özüni tanamaga ugrukdyrýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň ýaşlarymyzy ýokary watançylyk ruhunda terbiýelemekde gymmatly hazyna hökmünde halkymyza gowuşmagy bolsa, diňe bir ýaşlarymyzy däl, eýsem, bütin halkymyzy buýsandyrdy. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň bu kitabynyň «Watan goragy ynamly gollarda» atly bölüminde: «Ýaşlaryň geljeginiň nurana hem bagtyýar bolmagy olaryň alýan terbiýesine, olara siňdirilýän mähir-söýgä, berilýän ünse bagly. Mynasyp terbiýe alyp, çuňňur mähir-söýgä eýlenen ýaşlar kalby päk, aň-düşünjesi kämil, halkyna wepaly, ata Watanyny jandan söýýän ynsanlar bolup ýetişýärler» diýip, parasatlylyk bilen bellän sözlerinden ruhlanyp, ýurdumyzyň harby prokuratura edaralarynyň işgärleri hem ýurt goragçylarynyň arasynda bolup, harby ýaşlaryň berk düzgün-nyzamly, Watanymyza, halkymyza, hormatly Belent Serkerdebaşymyza wepaly Watan goragçylary bolup terbiýelenmegi ugrunda wagyz-nesihat duşuşyklaryny yzygiderli geçirýärler.

Azat GURBANOW,
Mary welaýatynyň harby prokurorynyň uly kömekçisi, 1-nji derejeli ýurist.