Sportuň hem bedenterbiýäniň sazlaşygy

10 Maý 2024
387

Şu günler işjeň ýagdaýda dowam edýän «Sport diplomatiýasy – parahatçylygyň dialogy» atly hepdeligiň maksatnamasynyň çäginde Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebinde «Arkadagly zamanada Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki sport abraýyny has-da belende götermäge ukyply ýaşlaryň täze nesli kemala gelýär» atly bedenterbiýe-sport hem sagaldyş çäreleri ýaýbaňlandyryldy. Ähmiýetli çäreleriň giň toplumy Watanymyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň giňden wagyz edilýändiginiň beýanyna öwrüldi.

Mekdebiň girelgesindäki giň meýdançada ýerine ýetirilen köpçülikleýin maşklar röwşen ertirimiziň eýeleri bolan ýaş türgenleriň sagdynlyga ymtylyşyny görkezse, sportuň görnüşleri boýunça ýaýbaňlandyrylan görkezme çykyşlar olaryň kämillik ýolundadygyny aýan etdi. Bu ýerde ýaşlar agyrlyk daşlaryny götermek boýunça bäsleşdiler. Tanap çekmek boýunça guralan ýaryşda mekdebiň toparlarynyň ýeňşe höwesi hem ynamy aýdyň şöhlelendi. Bu ýerde sportuň göreş görnüşleriniň hem ençemesi boýunça ýaryşlar ýaýbaňlandyryldy. Bu bäsleşikler güýçli pälwanlary ýüze çykardy.

Öwezmuhammet ATALYÝEW,
Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň direktory.