Pudagara toparyň mejlisi

8 Aprel 2024
403

Aşgabat, 6-njy aprel (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň gün tertibine 2024-nji ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri, “Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny”, “Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny”, “Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny” amala aşyrmak bilen baglanyşykly meseleler girizildi.