Dok­tor Az­gar­hil Man­gal, «Man­gal Trans­port & Ship­ping GmbH» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy.

18 Mart 2024
481

— Men Türk­me­nis­tan­da ama­la aşy­ryl­ýan her bir işe uly gu­wanç bi­len se­red­ýä­rin. Hä­zir­ki wagt­da Türk­men­ba­şy Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­na gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän bir­ža­lar, bank­lar köp. Bu ba­bat­da Bü­tin­dün­ýä ban­ky­ny my­sal al­sa­k, ýe­ter­lik­mi­kä diý­ýä­rin. Türk­men­ba­şy Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň müm­kin­çi­li­gi uly. Bal­kan we­la­ýa­ty se­na­gat taý­dan ös­ýän se­bit. Gy­ýan­ly şä­her­çe­sin­de ön­dü­ril­ýän po­lie­ti­len we po­lip­ro­pi­len önüm­le­ri­ni, Ga­ra­bo­gaz şä­he­rin­dä­ki kar­ba­mid önüm­le­ri­ni eks­por­ta äkit­mek üçin uly güýç ge­rek. Şo­nuň üçin hem dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy ulag-lo­gis­ti­ka kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ün­si Türk­me­nis­tan­da.

Hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­tan dün­ýä ýurt­la­ry bi­len söw­da-yk­dy­sa­dy, ulag-lo­gis­ti­ka, ma­ýa go­ýum ýa­ly ugur­lar­da ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ryň çuň­laş­dy­ryl­ma­gy­na we hyz­mat­daş­ly­gyň ugur­la­ry­nyň gi­ňel­dil­me­gi­ne mö­hüm äh­mi­ýet ber­ýär. Ýur­duň döw­let Baş­tu­ta­ny­nyň ama­la aşyr­ýan dur­muş ugur­ly döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­sin­de Türk­me­nis­tan bu ugur­lar­da uly üs­tün­lik­le­ri ga­zan­ýar.