Çaga terbiýesinde milli ýörelgeler

11 Mart 2024
397

Çaga terbiýesi köp ýagdaýlary öz içine alýar. Ösüp barýan çagany wagtly-wagtynda naharlamak, uky wagtyny saýhallamak, eşiklerini arassa saklamak, dogry gundamak, arassa howa, tebigata gezelenje çykarmak, dürli kesellerden goramak enäniň esasy borjy bolup durýar. Şeýle talaplary dogry berjaý etmek çaganyň ösüşiniň ähli tapgyrlarynda hem wajypdyr. Ýaş nesliň geljekde edep-ekramly, ynsanperwer, zähmetsöýer, ilhalar adamlar bolup ýetişmegi ata Watanymyzyň ýagty geljegi bilen berk baglanyşykly bolup durýar. Çaga ekabyrlanandan soňra, onuň ýaşyna, ukybyna görä dürli ýumuşlary tabşyrmak, medeniýete, sungata, döredijilige çekmek talabalaýykdyr. Çaganyň dünýägaraýşyny, düşünjesini artdyrmakda ýörite çeper hekaýalaryň, matallaryň, rowaýatlaryň, terbiýeçilik ähmiýetli ertekileriň orny örän uludyr.

Biz çagalaryň ululara öýkünýändigini, şolardan durmuşy öwrenýändigini ýatdan çykarmaly däldiris. Terbiýeçilik işinde oňat netijeleri gazanmak üçin ata-eneleriň, ilkinji nobatda, özleriniň oňat görelde görkezmelidiklerini bellemek gerek. Ata-babalarymyzyň edep-göreldesi, milli gymmatlyklary maşgalada berilýän terbiýäniň aýrylmaz bölegidir. Ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak, ata-enä kömek bermek, elmydama ýaşulular bilen maslahatlaşmak ýaly ajaýyp milli ýörelgelerimiz ýaşlaryň aňynda mäkäm ornaşyp, olaryň tutuş durmuşynda hemra bolmalydyr. Ýaş nesle berilýän bilimiň hilini dünýä derejesine ýetirmekde, onuň kämil bolmagynda ata-enäniň orny uludyr. Olar çaga terbiýesinde milli oýunlary, sanawaçlary, matallary ulanyp durmalydyrlar.

Bibijan DAGANDURDYÝEWA
Dänew etrabynyň 31-nji “Ýedigen” çagalar bakja-bagynyň müdiri, Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy