Medeniýet gülleýär — döwür gülleýär

13 Mart 2024
676

Bagtyýarlyga beslenýän ajaýyp zamanamyzyň giň gerimli ösüşlerine medeniýetimize we sungatymyza içgin aralaşmak arkaly göz ýetirmek bolýar. Sebäbi bu ulgamda döwrümiziň beýik ösüşleri öz beýanyny tapýar. Şonuň üçinem döwletimiz tarapyndan ulgamyň gülläp ösmegi üçin uly aladalar edilýär. Medeniýetimiziň, sungatymyzyň ajaýyplyklaryny, aýratynlyklaryny dünýä ýaýmakda, milli döredijilik däpleriniň gymmatlyklaryny baýlaşdyrmakda, döredijilikli zähmet çekmekde döredilýän şertlerdir mümkinçilikler hormatly Prezidentimiziň alyp barýan medeni syýasatynyň netijeli durmuşa geçirilýändigini subut edýär.

Berkarar Watanymyzyň beýik ösüşleriniň, ýeten belent sepgitleriniň many-mazmunyny giňden açyp görkezmek medeniýet we sungat işgärleriniň borjy bolup durýar. Jemgyýetimizde bolup geçýän özgertmeleri doly derejede şöhlelendirmek, ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek ýaly asylly maksatlary öňde goýýan, döwrebap eserleri döredýän medeniýet we sungat işgärleri uly abraý-mertebä eýe bolýarlar.

Ýuliýa Petruşina,
Türkmenbaşy şäheriniň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.