Sport mekdebimizde türkmen milli göreşi boýunça welaýatymyzyň çempionaty geçirildi. Ýaryşa Türkmenabat şäherinden, Saýat we Kerki etraplaryndan pälwanlaryň 72-si gatnaşdy.
Türgenler degişli agram derejeleri boýunça göreşdiler. Toý ruhuna beslenen ýaryşda milli göreşimiziň täze, has ezber wekilleriniň ýüze çykarylmagy onuň esasy aýratynlygy boldy.