Änew şäherindäki sport mekdebinde «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII spartakiadanyň çäginde okuwçy oglanlaryň arasynda küşt ýaryşynyň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa etraplardan gelen küştçi oglanlar gatnaşyp, özara bäsleşdiler.
“Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, welaýatyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi, welaýat Baş bilim müdirligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşi tarapyndan guralan ýaryş gyzykly boldy. Onda özara bäsleşip, ukyp-başarnygyny görkezen ýaşlar küşt sportuna bolan höwesidir söýgüsini äşgär etdiler.