Türkmenistan — Azerbaýjan: işewür gatnaşyklar işjeňleşdirilýär

1 Dekabr 2023
509

28-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň 7-nji mejlisine gatnaşmak üçin Hökümet wekiliýetine ýolbaşçylyk edip ýurdumyza gelen Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Çingiz ogly Jabbarowy kabul etdi.

Duşuşygyň çäklerinde söhbetdeşler gyzyklanma bildirilýän geljegi uly ugurlaryň birnäçesinde uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik esasynda guralýan däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda goňşy ýurtlarymyzyň çäk taýdan amatly ýerleşmeginden netijeli peýdalanmagyň zerurdygyna aýratyn üns çekildi. Bu bolsa halkara derejede bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Munuň özi energiýa serişdelerini ibermek, deňiz portlarynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmagyň, Hazar deňzi arkaly ýük daşamalaryny işjeňleşdirmegiň hasabyna söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge, ençeme ýurtlary baglanyşdyrýan ulag geçelgelerini döretmekdäki hyzmatdaşlyga, şeýle hem kommunikasiýalar we aragatnaşyk ulgamynda özara gatnaşyklara degişlidir. Şeýle hem söhbetdeşler medeni, ylym-bilim ugurly netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge özara gyzyklanma bildirilýändigini nygtadylar. Bu ulgamlar iki doganlyk halkyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ygtybarly esasy bolup durýar.

"Nesil".