Warşawada Türkmenistan bilen Polşanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Ýakynda geçirilen duşuşykda türkmen tarapyna Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, polýak tarapyna Polşanyň daşary işler ministriniň orunbasary Marek Prawda ýolbaşçylyk etdi.
Syýasy geňeşmeleriň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar. Türkmen-polýak hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga özara ygrarlydyklaryny tassykladylar.