Ýaş türgenlerimiziň uly üstünligi

21 Noýabr 2023
489

Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkentde kadetleriň arasynda sportuň dzýudo görnüşi boýunça geçirilen Aziýa çemponatynda türkmen türgenleri kümüş we bürünç medallaryň eýeleri boldular.

Yklym döwletleriniň 15-sinden güýçli pälwanlaryň 180-den gowragyny jemlän ýaryşda Köýtendag etrabyndaky 20-nji orta mekdebiň okuwçysy Nuriýa Pardaýewa şowly çykyş etdi. Ol 40 kilograma çenli agram derejesinde diňe final tutluşygynda ýer eýesinden asgyn gelip, kümüş medalyň eýesi boldy. Sport älemine Köýtendag etrabynda gadam basan, häzirki wagtda paýtagtymyzdaky «Olimp» sport mekdebinde okuwyny dowam etdirýän Behruz Bahridinow bolsa 50 kilograma çenli agram derejesinde üçünji orny eýeläp, bürünç medala mynasyp boldy.

Mämmetgylyç KÜTIÝEW,
ýörite habarçymyz.