Gadymy göreş galkynýar

21 Noýabr 2023
661

Ýene-de sanlyja günden güneşli Diýarymyzda Kuraş boýunça dünýä çempionaty başlanar. Uly sport baýramy dünýäniň 50-den gowrak döwletinden türgenleriň 250-ä golaýyny dostluk suprasynyň başyna jemlär. Oňa ýurdumyzdan  wekilçilik  edýän  kuraşçylaryň  15-sinden  8-siniň zenanlardygy buýsandyrýar. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Şirin Kubaýewanyň ýolbaşçylygyndaky zenanlar ýygyndysynyň bu ýaryşda hem üstünlikli çykyş etjekdigine ynanýarys. Çünki olar taýýarlyk türgenleşiklerini hormatly Prezidentimiz tarapyndan ähli şertler we amatlyklar döredilen Arkadag şäheriniň sport toplumlarynda geçdiler. Dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda gelip gowşan hoş habar – Türkmenistanyň 2023–2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna saýlanmagy türkmen türgenlerini ýeneki beýik ýeňişlere ruhlandyrýar.

Sportuň gadymy görnüşi bolan kuraş boýunça ýaryş haýsy ýurtda geçirilse-de, şol ýurduň milliligi bilen baglanýar. Ol «göreş» ady bilen türki halklaryň arasynda uly meşhurlyga eýedir. Türkmen toýlaryny bolsa milli göreşsiz göz öňüne getirip bolmaýar. Çünki türkmen topragy Pilmahmyt ýaly pälwanlary dünýä beren toprakdyr. Geçmiş taryhymyzda Görogly beg, Bezirgen pälwan, Mahmyt pälwan, Harmandäli, Aýsoltan ýaly meşhur pälwanlarymyzyň ýaşap geçendigi bize gadymy dessanlardan mälim. Türkmen pälwanlarynyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde göreşiň dürli görnüşleri boýunça halkara ýaryşlarda gazanýan üstünlikleri bolsa, hiç wagtda ýany ýere degmedik meşhur pälwanlarymyzyň yzynyň mynasyp dowam etdirilýändiginiň subutnamasy. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen türkmen milli göreşi taryhda ilkinji gezek 2017-nji ýylda paýtagtymyzda ýokary derejede geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň düzümine girizilip, «Aziada – 2017»-de pälwanlarymyz göreşiň milli, erkin, guşakly, guşakly alyş görnüşleri boýunça iň köp medallary gazanmagy başardylar. Munuň özi türkmen milli göreşiniň şan-şöhratyny dünýä ýaýdy. Kuraş boýunça dünýä çempionatynda hem türkmen milli göreşi türgenlerimizde ruhy galkynyşy döredip, güýç-kuwwat berer, şanly ýeňişlere ynam döreder.

«Zenan kalby».