Sport diplomatiýamyz rowaçlanýar

20 Noýabr 2023
558

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda ýurdumyzda bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegi hem-de halkara sport hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Garaşsyz Türkmenistan häzirki wagtda ösen sport ulgamyna eýe bolan, dünýä derejesindäki ýaryşlary üstünlikli geçirmekde baý tejribe toplan, halkara sport hyzmatdaşlygy ulgamyna işjeň gatnaşýan ýurt hökmünde tanalýar.

Häzirki wagta çenli Türkmenistan daşary ýurtlar bilen sport ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça dürli hökümetara we pudagara derejedäki ylalaşyklaryň onlarçasyna gol çekişdi. Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy, ÝUNESKO, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, Halkara Olimpiýa Komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi we beýleki abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Şeýle hyzmatdaşlygyň çäklerinde Türkmenistan Olimpiýa nyşanlaryny gorap saklamak baradaky Naýrobi ylalaşygyna goşuldy, ÝUNESKO-nyň sportda doping serişdelerini ulanmaga garşy göreşi boýunça Halkara Konwensiýasyny tassyklady, Milli antidoping agentligini döretdi.

«Watan».