Türgenlerimiz dünýä çempionatyna taýýar!

20 Noýabr 2023
605

Ýene üç günden ak şäherimiz Aşgabatda iri sport baýramçylygy — Kuraş boýunça dünýä çempionaty başlanar. Ýakynlaşdygyça tolgunmalary artdyrýan ýaryşa türkmen türgenleri ýokary derejedäki taýýarlyk bilen geldiler. Çempionatyň başlanmagyna birnäçe gün galanda, ýurdumyzyň erkekler we zenanlar ýygyndylarynyň baş tälimçileri Dörtguly Tejenow bilen Şirin Kubaýewa oňa gatnaşjak türgenlerimizi kesgitlediler.

Ýeri gelende aýtsak, dünýä çempionaty agram derejeleriniň 15-si boýunça geçirilip, şolaryň 7-si erkekleriň, 8-si bolsa zenanlaryň arasyndaky ýaryşlara degişlidir. Has takygy, ýaryşlar erkekleriň arasynda 60, 66, 73, 81, 90, 100 kilograma çenli hem-de 100 kilogramdan ýokary; zenanlaryň arasynda 48, 52, 57, 63, 70, 78, 87 kilograma çenli we 87 kilogramdan ýokary agram derejelerinde guralar.

Agageldi ITALMAZOW.
«Türkmenistan».