Belent ykrarnama kalbymyzy ganatlandyrdy

20 Noýabr 2023
365

Ýurdumyzyň 2023 ― 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanylandygy baradaky hoş habary bilim işgärleri hem uly begenç bilen kabul etdiler. Bu hoş habaryň Diýarymyzda sanlyja günden badalga aljak dünýä derejeli sport baýramçylygynyň ― kuraş boýunça dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda gelip gowuşmagy bolsa şatlygymyzy goşalandyrýar.

Soňky ýyllarda Türkmenistan ― ÝUNESKO gatnaşyklarynyň gerimi barha giňelýär. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň maddy we maddy däl gymmatlyklarynyň birnäçesi bu guramanyň abraýly sanawlaryndan orun aldylar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň geçen hepdäniň anna güni geçirilen mejlisinde hem nygtaýşy ýaly, ÝUNESKO-nyň nobatdaky ykrarnamasy ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda alyp barýan daşary syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldaw tapýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Arzygül NOWRUZOWA,
Türkmenabat şäherindäki 33-nji orta mekdebiň mugallymy.