Çagalara puly tygşytlamagy öwredeliň!

5 Noýabr 2023
1161

Ulularyň durmuşy bilen gyzyklanmak, olaryň edýän hereketlerini gaýtalamak çagalara körpe ýaşlardan mahsusdyr. Şonuň üçinem ösüp gelýän nesle görelde bolmak, olaryň ýanynda özüňi gowy alyp barmak, her bir mesele babatda dogry terbiýäni kemala getirjek hereketler bilen nusga bolmak ulularyň, hususan-da, her bir ene-atanyň borjudyr.

Çalt depginler bilen ösýän hem özgerýän häzirki zaman dünýäsinde çagalara ykdysady terbiýäniň berilmegi derwaýys meseleleriň biridir. Çünki pul bilen iş salyşmak, ony harçlamagyň ýollary, maddy serişdeleri tygşytlamak, puly öz zerurlyklaryň üçin sarp etmek, ulular, aýratynam, ene-atalar tarapyndan çagalara sowalga diýlip berlen puly peýdalanmagyň usullary dogrusynda pikir alyşmak geljekde ýaş nesilleriň ykdysady meselelerde dogry netije çykaryp bilmegi üçin iň bir wajyp çemeleşmeleri saýlamagymyza goltgy berip biler. Dürli ugurlar barada özleriniň gymmatly hem baý tejribä esaslanýan durmuş ýörelgelerini miras goýan pederlerimiziň jaýdar aýdan sözleriniň birinde bellenilişi ýaly, «çagany — ýaşdan, edebi — başdan».

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan:
Bägül BERDIÝEWA, «Biznes reklama».