Owaza beslenen şäher

13 Oktýabr 2023
445

«Wena baly» diýlende, ilki bilen, göz öňüňde frakly ýigitlerimiz we akgara reňkler bilen utgaşyp gidýän nepis köýnekli gyzlarymyz janlanýar. Olar mähir bilen tans edip başlanlarynda bolsa, daştöweregi täsin gözellikler we şahyrana duýgular gurşap alýar. Jübüt oglangyzlaryň sazlaşykly hereketleri seni bendi edýär. Bu tansyň esasy aýratynlygy hem, onuň jübütlikde ýerine ýetirilýänligindedir. Elbetde, islendik tans hereketleriň üsti bilen amala aşyrylýar. Şol hereketi Wena balynda has inçelik bilen duýmak bolýar. Iki ýaş juwanyň mähir bilen ýerine ýetirýän hereketlerinde birekbirege söýgini görmek bolýar. Mähir paýlaýan bu balyň — Wena balynyň öz gözbaşyny geçen asyryň ahyryndan alyp gaýdýandygy aýdylýar. Eger şeýle bolsa, beýleki tanslar bilen deňeşdireniňde, Wena baly ýaş, juwan tanslaryň biri bolup durýar. Sebäbi diňe bir küştdepdi tansymyzy alyp görsegem, onuň ençeme ýüz ýyllyk taryhy, geçen ýoly bar.

Bu tansa türkmen halkynda hem uly orun berilmeginiň aňyrsynda Wena balynyň watany hasaplanýan Awstriýa döwleti bilen dostdoganlyk gatnaşyklarymyz durandyr. Çünki şanly Garaşsyzlygymyzyň 20 ýyllygynyň öňüsyrasynda, ýagny 2011nji ýylyň 17nji sentýabrynda mermer paýtagtymyz Aşgabatda ilkinji gezek Wena baly geçirilipdi. Ol şol günden bäri iki dostlukly halkyň arasyndaky gatnaşyklaryň giň gerime eýe bolýandygynyň, türkmenawstriýa hyzmatdaşlygynyň pugtalanýandygynyň aýdyň şaýady bolupdy we hut şol günden başlap, Türkmenistan ýurdumyzdada Wena baly geçirilip başlanypdy.

Ogultäç ORAZTAGANOWA,
«Watan».