Pyragynyň paýhasy wasp edilýär

2 Sentýabr 2023
623

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda gojaman Köpetdagyň ajaýyp künjeginde ýerleşýän Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerine baryp, ol ýerde alnyp barylýan işler bilen tanyşmagy, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygryny okap bermegi ýurdumyzyň medeni durmuşynda ajaýyp waka boldy. Milli Liderimiziň şonda täze okuw ýyly mynasybetli ýaş nesillere teatrlarda Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen bagly sahna eserlerini görkezmek barada beren tabşyryklary esasynda, düýn — Bilimler we talyp ýaşlar gününde ýurdumyzyň teatrlarynda beýik şahyryň ömür we döredijilik ýoluna bagyşlanan sahna eserleri halk köpçüligine görkezildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen gurlan, Arkadagly Serdarymyzyň ak pata bermegi bilen açylyp ulanmaga berlen Arkadag şäheriniň A.Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda XX asyr türkmen edebiýatynyň görnükli wekili N.Saryhanowyň «Kitap» hekaýasy esasynda sahnalaşdyrylan «Köňüller kelamy» atly sahna oýny Arkadag şäheriniň bagtyýar ýaşaýjylaryna hödürlenildi. Bu sahna eserinde şöhratly taryhymyzda bir obanyň sada ýaşaýjysynyň Magtymguly Pyragynyň diwanyny bir düýe berip satyn alşy, näçe kynçylyklary başdan geçirse-de, kitaby maşgalanyň mukaddesligi hökmünde arzylap-apalap saklaýşy, Pyragynyň şygyrlar kitabynyň tutuş obanyň milli gymmatlygy hökmünde uly buýsanja öwrülişi hem-de kitaby okamak üçin tutuş obanyň ýaşlarynyň hat-sowat öwrenişi, soňra Gündogaryň beýik danasynyň şygyrlaryny ýaş žurnalistiň göçürip, halk köpçüligine ýetirişi gyzykly wakalaryň üsti bilen beýan edilýär.

Agamyrat BALTAÝEW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Teatrlar we tomaşa edaralary bölüminiň başlygy.